Beden hereketsiz ýatyrka, düýşde gezýän, görýän we gürleýän kim? Gije geler, uklarsyňyz. Gabaklaryňyz ýumular, gulaklaryňyz eşitmez, eliňiz tutmaz, aýagyňyz ýöremez. Ýanyňyza biri gelip gürleşse ne ony görersiňiz, ne eşidersiňiz. Siziň görýänleriňizden, başdan geçirýänleriňizdenem ol bihabardyr. Irden turup ertirlik edineniňizde agşamky gören düýşüňiziň täsirindesiňiz. Begenersiňiz, tolgunarsyňyz. Muny ýakynlaryňyza gürrüň beresiňiz geler. Bu isleg, bu begenç nireden gelýär? Bularyň ählisi ruhuň begenji, joşgunydyr. 1. Düýşüň hakykaty, görnüşleri we ruhuň düýşde geljegi görmegi: Uka çümen adam deňze ýa-da kosmos boşlugyna çümüp giden adam ýalydyr. Ol ýa gözleri daňylgy çümer we hiç zat görmän yzyna dolanyp geler, ýa-da ýany bilen alyp giden oýnawaçlary bilen meşgul bolar, olaryň täsiri bilen başga hiç zat görüp bilmez ýa-da, deňiziň hoş, ýakymly tolkunlarynyň aşagynda suwuň, balyklaryň ýalpyldysyna we asmanyň syrlar bilen örtülen hereketlerini synlap, olary öz dünýäsine alyp gider. Ine, düýşlere bu kategoriýalaryň içinde seredip geçeris. Käbiri bardyr diňe uklanyny we oýanyny biler – edil gözi daňylgy ýalydyr, hiç bir zat görmän yzyna dolanyp geler. Käte duýgy-düşünjeleri oýarýan hadysalar, bolup geçen tolgundyrjy wakalar we köp oýlanyp, gaýtalamak sebäpli küýüňe ornan meseleler, ukyda düýşe girer. Täzelikde söweşden dolanyp geleniň, gije gygyryp oýanmagy şuňa mysal bolup biler. Hassalyk, birahatlyk, ruhy kesellemek we fytry bozuklyk sebäpli görülýän düýşler bardyr. Duzly nahar iýip ýatanyň özüni kölüň başynda görmegi, gaharly ýatanyň düýşünde uruşmagy, aýşy-eşret bilen meşgullanyp ýöreniň şoňa meňzeş zatlary görüşi mysaly. Bir adamyň hemişe düýşe bil baglamagy, düýş görjek bolup ýatmagy, hyýallara gitmegi, piläň içindäki gurçuk ýaly düýşüň içinde ýatyp, diňe şonuň ýorgutlary bilen hereket etmegi düýş görmek hassalygyna uçramagyň alamatydyr.

Köneler, NB tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir