Salam hemmňize gadyrdan illeşlerimiz) men taze geldim ýöne men taze geldim eýle beýle dip mowzuk açman.. göni şu goşguly mowzugy açandyryn..şu mowzuk üsti bilen tanyşmak isleýan)) Bu goşgy sizde öň hem bolandyr men taze gelemson bilemok onnda yazýan! wii ýene bir zat özüm http://dunyaturkmenleri.gochmt.com şu sayty ýasanlaryň biri gelip duryň!) bir gowşak goşgy deý unudylan söýgim, bu gün meni mugallymym deý okatdy, ak kagyza düşen bir damja gözýaş biziň söýgimize goýlan nokatdy... *** eger-de aldansaň ilki söýgiden, galar ýüregiňde ömürlik ýara, bar zada ujypsyz, höwessiz bakyp, bolarsyň dünýäde bir bagty gara... *** agajyň uzyny derekdir derek, adamyň aýnasy ýürekdir ýürek, beren wadalaryň soňy bolmasa, ýürekdäki dörän söýgi biderek. *** ýollar weýran bolýarmyşyn siline, şemal zeper ýeti-r bagyň gülüne, dilden çykan oýlanşyksyz ýeke söz, böwet bolup biler söýgiň öňüne. *** gyzyl gül ekseň daşyna seret, onuň ter ýapragy zaýalanmasyn, ýaryň söýýänligine bol ilki belet, soňra ýaş ýüregiň paralanmasyn. *** daglaryň başynda gara galmasyn, tüpeň atylanda däri galmasyn, iki ýyllap gulluga giden ýigidiň, yzynda oň ýary aglap galmasyn. *** geçene seretme, geljege seret, başarsaň durmuşda täzelik döret, söýseňem saýlap söý päk ýüregiňden, ýöne bir ýigide hökmüňi ýöret! *** kim diýer ýaz güli owadan bolar, kim diýer güýz güli owadan bolar, soradym ýürekden dillendi ýürek, her kimiň öz güli owadan bolar. *** söýüşýärkäň küýseseň başga birini, ol eýýam wadada wepasyzlykdyr, ýene-de söz berseň başga birine, bu dünýäde arsyz-namyssyzlykdyr. *** söýendim men gapydaky direge, gyzyl sagat gelişermi bilege, günbatardan öwsüp duran şemalyň haýry ýokdur ýanyp duran ýürege. *** eger iki ýigit söýse bir gyzy, ikisi hem oňa söýýärin diýse, onda ol söýgi gyzyň özüne bagly, bir ýigit gider ýüregi dagly. *** bahar ýeli ýaly ýeňles ýigitleň, duýgusyndan juwan ýüregiňi aýa, olar gözleriňe göni baksa-da, käte ýüregiňe bakýandyr gyýa. *** oka gözlerimden ýürek sözlerim, bagş edýän saňa bahar ýazlarym, "söýýän" sözüm gaýtalamak hökmanmy sözläp durka meniň gara gözlerim. *** men seniň ýanyňa ýetmeli bolsam, saýlardym ýollardan iň ýakyn ýoly, eger seniň bilen gitmeli bolsam, saýlardym daş ýoly gutarmaz ýaly. *** gyş gar ýagmasa, ýaz günäkärmi? aýdymçy joşmasa, söz günäkärmi? ýigit söýgüsine bolsa biwepa, hany aýdyň dostlar, gyz günäkärmi? *** ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar, olarda günä ýok söýgüden özge, düýn söýen gyz , bu gün seni ýigrense, onuň sebäbini özüňden gözle. *** söýmezlige hiç galmady bahana, sen dünýämi öwrüp barýaň bahara, öň bu halda däldim indi janserek, çekinýän diýmäge, ýöne…sen gerek. *** göwnüňe degen bolsam käte-käteler, äsgermedik bolsam ýürekden däldi, men sebäpli başyň egilen bolsa, janym haýyş edýän bagyşla meni. *** daşdan görseñ owadandyr käbiri¸ bolmajak bol owadanlañ ýesiri¸ daşdan görseñ owadandyr ýylan hem¸ elıne düşäýseñ¸ goýbermez diri. *** synan göwne seýik bolup bilmeseñ¸ göwnümi gözlemden duýup bılmeseñ¸ derdimiñ dogasy bolup bılmeseñ¸ janym söýme¸ öz ugruma goý meni! *** sag bol janym¸ öz günüme goý meni täsin bakyşlaryñ duýup bilemok¸ seni juda beter söýerdim weli… düşün dünýäm¸ indi söýüp bilemok. *** gaýrat et¸ ýalbarma¸ ýadadym indi¸ saña bagly hiç duýgym ýok¸ ynansañ¸ seniñ özüñ düşünäýmeli ahyry¸ täsin bakyp¸ gussa bilen dymamsoñ. *** o:t ýaly oglanlar öñüñden çykar¸ gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸ üç gezek bükülip dyzyna çöker¸ buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç Istoçnik: Dünýatürkmenleri
Goşgujyk (şunuň üsti bilen tanyşmakçy))
-
hanymjennet
13 years ago
- great thank for poet
-
Ayjagash
13 years ago
- gowja goshgy b.n gelipsiniz. Many kan. Hosh geldiniz mikrochip.
-
Esma
13 years ago
- gaty manyly goshgy.microchip minnetdar. Sheyle goshgulardan bize yenede yetirip durun.
Stranger 13 years ago- Welcome to here)