Aldyda gitdi… Dostlar gözel gördüm bu gün bir toyda, Yaşlyk yyllarym yada saldyda gitdi, Söyüp galdym emma söyüşmek kayda, Manga garap sypayy güldide gitdi. Garap galdym lalam gözel keşbinge, İlki bakyşyng goydy hijran yşkyna, Şahyr göwnüm aglap döndi köşgine, Şol bakyşyng meni sowurdy gitdi. Adyngy bilemok gözüng mylayym, Sereday gyz gözleringden doyayyn, Baky bolup şol gözlengde galayyn, Nazli gözleng janym aldyda gitdi. Ak yüzünde galam gaşy çyzylar, Ayday ay gyz seni kime dözüler, Seni nadip agyz seni söyüler, Göwnüm şatdy,emma yygyrdy gitdi. Ey hudayym bu gözellik çynmyka, Ya düyşmika yada hyyal angmyka, Men görönim ynsanmyka jynmyka, Arzuwlarmyng gülün yollyda gitdi. Nabelli şahyr men galdym odunga, Seni görüp waspyng yazdym badyma, İng bolmanda kim diyerler adynga, Basan yzyng yeri solduda gitdi.

Köneler, ruslanjan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir