Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar, Men ony ýatlaýan güneş doganda. Ýatlaýan bossanda açylsa güller, Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda. Aý-aýdyň gijeler akar boýunda, Häzirem garaşýan wadaly ýerde. Ýary taşlap ýarsyz barsam kenara, Tolkunlar "näzli ýar nirde?" diýerler. Arzuwymda adyň aýdym bolsa-da, Indi saňa ýar diýmäge çakym ýok. Syrly bolup galsyn syrly gijeler, Ony ile duýdurmaga hakym ýok. Ýaşlykdan joş urup aýdan aýdymym, Häzirem gaýtalaýar säher şemaly. Ýary ýatlap baksam aýly asmana, Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn. Aldanyp özgäniň mekir-alyna, Sen bolduň söýgümi ýalňyz goýan, ýar! Säherler ýaldyrap güneş doganda, Meni süýji arzuw bilen oýarýar!
Aýralyk (aýdym)
-
ynsan
13 years ago
- sag bol sapa paylashanyna!
Bravo dost ol goyan linkine giryan welin awtomat saytdan cykyalay!
-
Bravo
13 years ago
- duzedayers
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- mydama soyenjaniz bilen bileje bolmagynyzy arzuw edyan!
-
Bravo
13 years ago
- shuna dùrtún hany
-
ynsan
13 years ago
bravo
yene sheyle bula cykayyan giryan welin. Men ozumdendir:)
-
Friendship
13 years ago
- Wiý, bu ozalam ýazylan eken-ä! Menem shu aýdymy gowy görýädim-de, ýazaýypdym welin... Birhiliräg-ä boldy!
-
byagulechka
13 years ago
- govy aydym ve goshgy spSibo paylashanyn un
Bravo 13 years ago- könäni yatladanz ucin minetdar =)