– Kaka, sen maňa düýşümde kiçijik bir şokolad alyp berdiň. – Maňa gulak asyp, oňatja bolsaň, düýşüňde men saňa ullakan şokolad hem alyp bererin! – Ganço, me, saňa iki lew. Bar-da iki sany bulka alyp gel, özüňe birini, maňa-da birini. Biraz wagtdan soň kiçijik Ganço bulka çeýnäp gelşine: –Me, bir lewiňi al! Men çörek dükanyndaky iň soňky bulkany alyp gaýtdym – diýipdir. Türgenleşik atyşygy gutaranyndan soň, serkerde iki sany esgeri nyşanalary getirmäge iberipdir. Gabrowoda doglan esger nyşanalary ýeke-ýeke synlamaga durupdyr. –Näme beýle seredýäň? –diýip, ikinji esger ondan sorapdyr. – Götermäge ýeňil bolar ýaly, haýsy nyşananyň deşigi köpkä diýip seredýän – diýip, gabrowoly esger jogap beripdir. Bir gabrowoly özüniň okuwçy ogluny görmek üçin paýtagta barypdyr. Ogly atasyny gören badyna: – Kaka, men şu gün üç stotinok (pul birligi) tygşytladym! – diýip, öwnüp başlapdyr. – Berekella, oglum! Sen ony nädip tygşytladyň? – Ir bilen tramwaýa münmedim-de, sapagyma gijä galmazlyk üçin, tä mekdebe çenli shonuň yzyna düşüp ylgadym. – Akmak! Ylganyňa görä, taksiniň yzyna düşüp ylgamaly ekeniň. Has hem köp pul tygşytlardyň! – diýip, kakasy oňa igenipdir. Lukman näsagy barlagdan geçirenden soň oňa şeýle diýýär: –Siz saz çalmagyňyzy goýsaňyz, keseliňizden doly saplanarsyňyz. Näsag gideninden soň şepagat uýasy lukmana ýüzlenýär: –Men düşünmedim-le, bu ýerde sazyň kesele näme dahyly bar? – Sazyň dahyly gatybir ýogam däl. Sebäbi ol näsag meniň duldegşir goňşym.
Gabrowadan degishmeler
-
Badli
13 years ago
- Taze geldim velin menem aranyz alayyn
-
Friendship
13 years ago
- Salam, badli! Hosh geldiñ!
-
Badli
13 years ago
- sagbol Friendship
-
Aygull
13 years ago
- Gowja degishme eken :-)
-
MrPalankes
13 years ago
- gowja degishmeler thanks
-
diletant
13 years ago
- gowy
Badli 13 years ago- salam degismana onatca eken