GYRMYZY Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene, Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy. Bal akyp dur dillerinden, lebinden. Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy. Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr, Datly janym ol gözele gurbandyr, Hünji däldir, sadap däldir, merjendir, Ak golunda gol baglary gyrmyzy. Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse, Jak-jaklap teýinden bilbil ötäýse, Meniň wadam senden owwal ýetäýse, Mazaryma dikdikleri gyrmyzy. Üç ýyl oldy şu daglary aşaly, Bäş ýyl oldy, gyz, söwdaňa düşeli, Galk, gideli, biziň oda düşeli, Başdan aýak düşekleri gyrmyzy. Garaja Oglan diýr gelgin ýanyma, Saňa gelen kaza degsin janyma, Meni öldür, bas elleriň ganyma, Diýsinler ki barmaklary gyrmyzy. Awtor : Garajaoglan Garajaoglanyñ ba$ga-da go$gularyny okaryn diýseñiz Shu ýerik basyñ
GYRMYZY
-
Kuraldyshy
15 years ago
- Goşgy üçinem ,link üçinem sag bol aladin.
-
garabekewul01
15 years ago
- tuweleme dost gowy gosgy eken
-
ALADIN
15 years ago
- sizede sagbol
-
jenosha
15 years ago
- ajayip goshgulan ucin sagbol.
ALADIN 15 years ago- çe$me: www.tkm.8m.net