Näzik gabaklaryñ hut iñrik ýaly, Göýä günesh deýin gözüñ ýashypdyr. Kirpikleriõ ashyk bolan mysaly, Bir-birini tapyp gujaklashypdyr. Mylaýym dem alshyñ, näzijek gülshüñ, Meni düýshde görüshiñi añladýar. Gözel, ak düshekde señ towlanyshyñ, Agsham görsem hyýalymda dañ atýar. Göýä alma düshen chyg dek mysaly, Ýañaklarda buldurashýar kümüsh der. Bizden bashga hich adam ýok bu ýerde, Oýan-da, söýgülim, maña posa ber!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir