Salawmaleýkim. Men edil şu wagt agza bolup araňyza goşuldym we Patronyň ýazan goşgysyny okap şujagazy ýazaýyn diýdim.Eger ýalňyşýan ýerim bolsa bagyşlarsyňyz çünki men täze agza. Jüneýit han meň pikirimçe örän gowy adam bolan bolmaly taryhymyza seredip görseň Jüneýit han bolmaka Hywa hanlary türkmenlere gün bermändir ahyryn Jüneýit han bolsa hywa hanlygyny eline alyp öz islegine görä dolandyrypdyr Isfendiýar hany öldürdip ýerine onuň inisini han belläpdir we öz gözastynda saklapdyr menä şuny türkmenleň arynyň alynyşy diýip hasap edýän. Ol barada ýazylan kitaplaryň içinde bolsa Beki Seýtäkowyň üç tomdan ybarat Doganlar romany we onuň dowamy bolan Bedirkent romanyna düşünişim barada aýdaýyn romanlar sowet döwründe ýazylan Jüneýit han bolsa olara ot ýakdyrmadyk olar jüneýit hany diňe halkyny okadyp aldap zat edip öz tarapyna geçirmek bilen ýeňmegi başarypdyrlar ýöne uly ýitgi kynçylyklar bilen şonuň üçin sowet döwründe jüneýit hany öwüp ýazmak mümkin dälmikä diýýän menä. Taryhy diňe ýeňiji ýazýar diýýär şol döwürde ýeňiji bolsa sowet soýuzy bolupdyr we taryh şolaryň islegine görä ýazylypdyr ýogsam şol wakalara entek ýüz ýylam bolanok welin bizde ol barada doly maglumat ýok ýöne men Jüneýit hana gaty gowy adam hökmünde garaýan.
Jüneýit han barada düşünjäm
-
mirasymyz
13 years ago
- Gudrat dogry aýdýaň dost. Rahym esenowyň "Gara daminionyň kölegeleri" diýip romany bar. Şol hem Jüneýit han barada. Aslynda şol kitapda hem Jüneýit han ýamanlanýar. Ýöne ol döwürde ýamanlaman ýazyp bolanok. Sebäbi sowet häkimiýetine garşy gozgalaň turuzan adamlar, olar. Şol kitapda ýamanlasa-da Jüneýit hanyň nähili beýik adamdygyny kä ýerlerde awtor syzdyrypdyr.
Gudrat saňa bir sorag. Sen tes.com-daky Gudratmy?
-
ahmetjan18
13 years ago
- Sag boluñ gyzykly maglumatlaryñyz ün
Kuraldyshy 13 years ago- Mynasyp adamlar öwülmäne degyär. Şahsyyetiñ işine taryh baha beryär.
1860-lardan soñ oturymly yaşayşa geçen türkmenleriñ, 1880-lerden soñ iş bilen han serdarlarynyñ köpüsi yok edilip, galanam hoş söz, halat-serpay bilen azdyrylyp gözi gapylan türkmeniñ içinden eziz han, jüneyt han yaly söweşjeñ ,payhasly watançylaryñ emele gelmesi we güyçlenmesi kyndy. Gaygysyz atabay, nedirbay aytakow we adyny bilmeyän beyleki okuwly adamlaram aldandylar we yok edildiler.
Gelsek jüneyt hana: olam döwrüniñ medrese ylymyny alan adam. Ol ruslaryñ golastyna girip türkmenligi saklap bolmajagyna ynanan bolmaly we şonuñ üçin garaşsyz türkmen döwletini gurmaga synanyşandyr. Çünki ak patyşa döwründe türkmeniñ nähili ownandygy görnüp durdy. Atabayew dagy bolsa bolşewikleri saylapdyr. Olar bolşewikleñ golastyna girip bütewi türkmenistany gurup boljagna, yaşlan döwrebap bilim aljagna we eydip beydip milliligimizi hem saklap boljagyna ynanypdyrlar. Gezek ikinjä gelende bolsa hilegär rus syyasatynyñ pidasy bolupdyrlar. Jüneyt hanyñ "günälerine we jenayatlaryna" baksak we deñeşdirsek döwrüniñ beyleki islendik emeldarlaryndan we dolandyryjy partiyalaryndan adyl bolandygyny görmek bolyar. Bir tapawut-beylekileriñ syyasaty dogry ulanyp bilmeleri. Olaryñ bar günäsi "kapyrlaryñ golastyna girip, diliñi, diniñi yitireniñden öleniñ gowy ya-da gurhanda aydylyşy yaly dünyä giñdir,gidere başga yer bardyr"y saylamalary. Şol gidenleriñ dilini, däbini 100%-e çenli saklap gelmeleri we biz bilen gatnaşmana höwesekdikleri hem muña şayatdyr. Elbetde şol döwürde hanlañ adyndan hereket eden galtamanlaram bolandyr, haram iyen baylaram. Emma ikisini garyşdyrdylar.
Hakykat ir-u-giç orta çykyar.