Ertirmi, agşammy, gündizmi, gije, Saýgaryp bolmaýar howanyň ýüzün; Çapgynly ýagyny, iňlewük ýeli, Ýadyňa getirýär harasat sözün. Tebigat gam çekýär durmuşy bilen, Ýaryndan aýrylan söýgüli ýar dek; Agzyndan ot çykýar her ah uranda, Ýuwuz güb başyna düşen bir är dek. Ýagtysy ýok ýüzi soluk älemiň, Şöhlesini gara duman basypdyr; Her demde her hili sypata girip, Tebigat wehimli ýüzün asypdyr. Ses-selemsiz ümsüm ýatan jeňňellik, Göýä birden wulkan açdy, atyldy; Ýerden hem asmandan ýagýar snarýad, Gögi duman aldy, Aý-Gün tutuldy. Asmany-zemini basýar zenzele, Ýyldyzlar süýnüşip, bir-bire degýär. Indi gökden gar-ýagşyň deregne, Çoýun ýagýar, gurşun ýagýar, ok ýagýar. Ýerden-gökden ýagan oduň zarbyndan, Bulutlar dargady, çym-pytrak boldy. Agzyny giň açdy ýylgyrýan şapak, Älem ýagtylandy, duman sowuldy. …Kesilýär darbazçyň depregniň sesi, Guşlar owaz edip, asmana galýar. Aýyly, sugunly uly jeňňelde, Munuň ýaly waka her günde bolýar. (1943)
“Kareliýa jeňňelinde” (poema gysgaldylyp alyndy)
-
mirasymyz
13 years ago
- Şaly Kekilowyň poemasy bolmaly.
-
sahett
13 years ago
- bu gysgaldylyp alynan
sahett 13 years ago- bu ylham sowgat bize dineje okap dusunen zadyny ak kagyza gecirmegi basarmak gerek.men zaman gazetdaky sahyrlary okadym olar hakyky durmus hakynda yazyan gosgulary yok.durmus-bu yol,sahyr-goldaw,ynsan-bu yolda sahyrdan alan tasirine gora hereket edyar.
Edebiyat bu dil,dil bu millet eger edebiyata goldaw etmesek ertir caganyz kitap okaman deregne namazam internetdan owrener.