SEN YZYŇA AHMYR BILEN SERETME Sen yzyňa ahmyr bilen seretme, bolan işe peýdasy ýok ahmyryň. Sen yzyňa gahar bilen seretme, bolan işe peýdasy ýok gaharyň. Sen yzyňa bakyp, gyýylma hergiz görüp bilmäniňe aly, hiläni. Sen yzyňa bakyp, aglama hergiz, giden getirilmez gozýaş biläni. Sen özüňi har edeni har etjek, hor edeni hor etmekçi bolma hiç. Haka tabşyr elýeterden uzagy, hem gyssanma, haklaşar ol iru-giç. Sen yzyňa ejir bilen seretme, gaňyrylma urulanyň ar bilip. Sebäbi sen gitdiň, ýykdyň serheti, galan galdy gara güni ýar bilip...
SEN YZYŇA AHMYR BILENSERETME
-
vesna87
13 years ago
- edil oz durmushyma duzulen yaly bolan.
Yegen 13 years ago- Sag bol, many!