DURMUŞ SENIŇ ÖZÜŇKI Durmuş seniň özüňki, Berme kimsäň eline! Ömür seniň özüňki, Sowurma gyş ýeline! Hudaý saňa beripdir Aň hem üşük, göz-gulak; Gör hem eşit, hem oýlan, Bolma hiç kime dolak! Ýollar seniň özüňki, Kimsä öňüň bekletme; Gazanjagyň özüňki, Ýalan bilen ekletme! Suwlar seniň özüňki, Düşme kimsäň toruna; Özüň ot ýak hem çoýun, Ýanma otsuz goruna! Haýsy bir gara labik “Ak men” diýse ynanjak? Haýsy bir açgöz ogry “Päk men” diýse ynanjak? Şaýol diýlen petige Sürdürme taýak bilen; Kelle seniň özüňki, Depdirme aýak bilen!

Köneler, nfs4001 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir