salam talyp gyzlar we talyp oglanlar men bu gezek oran tasin zat hakynda gurrun berjek ... Her ýyl her dürli rekordlar bilen Guinnesiň rekordlar kitabyna girýänleriň sany artýar. Olaryň biri hem kitap okap girmek. Türkiýede kitap okamagyň täsin usuly bilen ençeme okyjylar re­kordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdylar. Ýurduň Malatýa welaýatynyň häkimligi, Bilim müdirligi hem-de NT kitap we edaralarda ulanyl­ýan harytlary dükanynyň bilelikde gurnamagynda kitap okalyşyk geçirildi. “Şol birwagtda, şol bir ýerde, şol bir kitabyň şol bir ýerini iň köp okan adamlar” hökmünde okyjylar Guinnesiň re­kordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan hasaba alyndy. 23 müň 822 adamyň gatnaşmagy bi­len amala aşyrylan bu rekord, meşhur rekordlar kitabynyň sahypalarynda öz ornuny aldy. NT dükanlaryndan alnan habara görä, Guinnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan ha­saba alnandygy baradaky resminama Malatýa häkimligine gelip gowuşdy. Türkiýäniň 80-nji Guinnes rekordy Türkiýe bu rekord bilen 1955-nji ýylda neşir edilip başlan Guinnessiň rekordlar kitabyna dürli ugurlar boýunça giren 80-nji rekordydyr. Kitap okamak ugry boýunça iň köp rekordy täzelän ýurt ABŞ-dyr. ABŞ 5 müň 187 gezek bu işi başarypdyr. ABŞ-nyň yzyndan Angliýa (2 müň 176), Germaniýa (624), Ýaponiýa (570), Kanada (565), Awstraliýa (563), Hytaý (454), Fransi­ýa (439), Italiýa (392) we Hindistan (300) gelýär.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir