Düýş gördüm diýsem ýalançy, oýalygym bolsa gerek. Hyýalym meni nireleredir bir ýerlere alyp gaçýardy. Bir görsem daga dyrmaşyp barýan, bir görsem ýagyşyň aşagynda galypdyryn. Üşüdýän, titreýän. Soň bir zatlar ýadymda oýanmaga başlady. Unudandyryn öýden zatlarym hakydamda janlanýardy. Soň ähli zat durlanyp, akylymdan geçýänler göz öňüme gelmäge durdy. Öňümde uly bir terezi. Çanaklary jaýlarymyzyň depesindäki antenalary ýatladýar. Ýöne, olardanam has äpet. Bir çanakda geçmişim, beýlekisinde geljegim. Tereziň geçmiş tarapy doly, geljek tarapy bolsa indi dolmaly. Çekimçiler haýsysynyň agyr geljegini aýdyp bilmän durlar. Tereziň boş çanagynda diňe ýagşy dileglerim, arzuwlarym, kalba rahatlyk beriji umytlarym bar. Olar geçmiş tarapa geçenden soň, arzuwlaryň, umytlaryň hemmesiniň, hemmesi bolmasa-da aglabasynyň, aglabasy bolmasa-da birgideniniň… hasyl bolanyny görerin. Birdenem durmuş öz akymy bilen akyp duran derýa bolup gözüme göründi. Her kimem bir gaýykda. Her geçen bir günde küregimizi bir gezek aýlap ýetişýäris. Hernäçe gyssansaňam mundan çalt mümkin däl. Hernäçe howlukmaýyn diýseňem, küregiňi mundan haýal hereketlendirip bolanok. Bir günde on güni ýaşasy gelýänler, bagtyna ýetmäge howlugýanlaram, on günde bir güni ýaşap bagtly günlerini uzaldasy gelýänlerem, bu kada boýun bolmaga mejbur. Bu mejburlyk bizde küregimizi özümiz hereketlendirmeýän ýaly duýgynam döredýär. Emma, bir ýylyň kenardan, beýleki ýylyň kenaryna ýetemizde munuň edil beýle-de däldigini görýäris. Çünki, biriniň gaýygy duran ýerinde aýlanyp durupdyr, kimiňki çepe gyşarypdyr, kimiňki saga. Kenara dogry gelenlerem bar. Duran ýerinde aýlanyp duranlar, saga-çepe gyşaranlar köp bilip azdan galanlar, harsydünýäler, dogryny dogry hasap etmedikler we ş.m-lerdi. Dogry gelenler bolsa, „Biri duran ýerinde aýlanyp, keýp edýär-le, biri çepe sowulyp, beýlekisi saga tutduryp barýar-la, menem şolar ýaly bolubereýin-le, nä görgim göni ýüzjek bolmak” diýmedikler, kä halat agyr tolkunlaryň urgusyna garşy durup, ýalançy şemalyň ugruna gitmän, dogry ýoly saklap bilenlerdiler. Birdenem hemmeler talypmykalar diýýän. Ýaşap ýören dünýämiz bolsa, hemmeleriň okap ýören ýokary okuw jaýy. Şeýle bir okuw jaýy, täsin gurlupdyr. Üçegi gök Asman, diwary gözýetim. Onuň içinde daglaram bar, baglaram. Derýalaram bar, köllerem. Hatda okeanam bar. Dürli-dürli miweler. Içeýin diýseň süýt, ýalaýyn diýseň bal. Guş etimi, balyk etimi, sygyr etimi, goýun etimi,çebiş etimi, garaz, ýylanyň etini iýeýin diýseňem bar. Her dürli güller, dürli owazlar, tämiz howa, sergin şemal. Isleseň şahyr bol, isleseň daýhan, isleseň ýerden ýöre, isleseň uç. Isleseň gülüş, isleseň dawa et, isleseň söý, isleseň ýigren, isleseň dana bol, isleseň nadan. Beýle bir okuw jaýyny, içinde ýaşap ýörenem bolsaňyz, hyýalyňyzda-da gören dälsiňiz. Sekiz ýaşyňda-da, segsen ýaşyňda-da öwrenip ýörensiň. Onda okadylýan dersleriň sany-sajagy ýok, öwreneniň, akyl ýetireniň özüňki, gulaçla-da alyber, gutarmaz. Iň soňunda-da synag. O synaga „Ýokmuş” diýip özüni aldap ýörenem bar. Okuw jaýy, öwrenilýän ýer bolar-da, synagy bolmazmy! Kimi „Synag bolubersin. Töweregimdäkilerdengöçüribem geçerin, emel gytmy” diýýär. Ýene birem „Emeliňe beriljek zat ýok. Okuw jaýyndan gideňde ähli emeliňi-beýlekiňi goýup, ýeke-ýekeden gitmelimiş”diýýär. Ýene biri başga bir zat diýýär. Edil, boş şowhunyň geçirilýän ýeri ýaly, ala-wagyrdy,şowhun-şagalaň. Birdenem öz şekilimi gördüm. Sözlemler bilen çekilen. Saçlarym bilen „Bu saçlaryňy sypan eneň dünýäden ötdi. „Gazanan sogaplaryň maňa-da ýazylýandygyny bilibem, bar gazananjaň şumy?” diýse, sen oňa näme jogap berjek?” ýazlypdyr. Maňlaýymdaky ýygyrtlar „Bir ömür üçin bir gün hiç zat, bir gün bir ömür üçin uly zat” diýlen sözlem bilen çyzylypdyr. Gözüme gözüm düşdi. Olar göni bakmaga utanjyndan, ýumukdy. Ol „Saňa iman etdim” diýen gysgajyk jümleden ybarat. Ýaňagymda „Abraýyňy gidirmekden gorkýarmyň?” diýlipdir. Allahym öz söýen dostlaryň öňünde ýüzümi gara etme. Dodagymy şekillendiren ýazgyny okap, hasam haýran galdym. Onda „Bir dodagymy düşek, bir dodagymy ýorgan edinip ýataýyn” diýlen. Hakykatdanam men dodaklarymyň arasyna girip uzyn süýndüm. Ýöne ýüregimdäki ýazgy uzak wagtlap uklatmady. Egnim: „Eginlerim näme üçin iki ýana çykyp dur diýme. Olarda tabyt göterensiň, dostuň elini goýandyr, ýanýoldaşyň özüňe bildirmän olary söýünç bilen synlandyr“ diýen sözlerden emele gelipdir. Ýüregim şeýle sözler bilen ýazlypdyr: „Mende bir ýara bar, gany saklatmaýan ýara. Bu ýaraň ýüregimdedigine şükür. Ondan akan gan tutuş bedenime ýaýrap meni ýaşadyp ýör”…
Täsin görnüşler. (oýlanma)
-
Yegen
13 years ago
- Gowy ýazgy! Sag bol Adgjmptw!
Adgjmptw 13 years ago- Birdenem meni çuň ümsümlik gurşady.
Geçmişim, geljegim, tutuş ömrüm kellämiň içimikä diýýän. Beýnimiň öýjükleri,
ýygyrtlary, damarlary şeýle bir täsin, nädip: „Bu meniň kellämmi,
bu meniň ömrümmi?”
diýenimi bilmän
galypdyryn. Ýanymda
oturan:
- Hä? Maňa bir zat
diýdiňmi? – diýdi.
„Ýok” diýmedim. Men diňe başymy ýaýkadym. Oňa bolsa
bir millet „Ýok” diýip
düşünse, başga bir millet „Hawa” diýmek diýip düşünýär. Maňa ýüzlenen öz milletimiň dilinde
gürledi ahyryn? Onda
„Ýok” diýdigim, bolýarmy? Emma, men „Ýok” diýmedim, diňe başymy ýaýkadym.
Hernä ol maňa dogry
düşünen eken. Ýene
bir zatlar aýdaryma
garaşyp, ümsüm oturdy. Menem uzak garaşdyrman, oýun edip, ýa-da diýmelimiş diýibem däl, ähli başarnygymy bir ýere jemläp, ýürekden:
„Geçmişiňiz-geljegiňiz, her bir aýyňyz-günüňiz,
düşümli bolsun!” diýdim.