TAKDYRA RAZY BOLMAK BARADA Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Saňa peýdaly boljak zada ymtyl, Allahdan (jelle jelaluhu) ýardam dileg et we elleriňi goýberme. Eger başyňa bir bela-beter (ýagny musybet) gelende „Men şeýden bolsadym“ diýme, sen şeýle „Allahyň (jelle jelaluhu) ýazgydydyr we Ol islänini etdi“ diý. Sebäbi şeýtsedim-beýtsedim sözleri şeýtanyň işlerine ýol açýar“ (Müslim rowaýat edýär). ŞERHI: Allah (jelle jelaluhu) adam üçin iň peýdaly işiň, iň gözel ýaşaýşyň nämedigini iň ýagşy biluwjydyr. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) hadyslarynda adamlara ylahy ahlagy öwredýär. Şu hadysda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) ilki bilen adama diňe özi üçin peýdaly işe ymtylmagy ündeýär. Ýöne hemme adam özi üçin peýdaly işiň haýsydygyny bilip bilmeýär. Onuň üçin iman, ylym, hikmet gerek. Musulman adam boş işler bilen meşgul bolmaly däl, ahyreti we dünýäsi üçin iň peýdaly işe ýapyşmalydyr. Bir işi etmezden şol işiň oňa näme peýdasynyň bardygy barada oýlanmaly. Ilki oýlanmaly, soň amala başlamaly. Bir işi edip soňra pikir edip başlamaly däl. Bir işi berjaý edeniňde, ilki bilen şol işiň maksady bolmaly, onsoň erk we maksada okgunlylyk, dowamatlylyk we tutanýerlilik gerek. Bir gün bir işe başlap, sabyr edip bilmän taşlanyň näme haýyry bar. Ol akmaklaryň we şahsyýeti bolmaýanlaryň işidir. Şahsyýet diýmek-adamyň öz pikiriniň, öz garaýşynyň we ýaşaýyş prinsipleriniň bolmagydyr. Bir zatdan başga zada böküp durmaklyk adamyň öz pikiriniň ýokdugyny aňladýar. Mu'min-edýän işleriniň başynda ilki bilen ahyreti üçin iň peýdaly işlere üns bermelidir. Dünýä işlerinden hem, ahyretine iň haýyrly boljagyna ýapyşmalydyr. Bu husus musulmanyň şahsy we jemgyýet babatynda özgermegine peýdalydyr. Edýän işi maksatsyz, diňe nebsiňi kanagatlandyryjy, wagtyňy hem geçirmek üçin bolsa, şol işiň hiç hili peýdasy ýokdur we ol adamyň iň gymmat amanaty bolan ömriňi boşa sowmaklyk we isrifdir. Bu zatlara bolsa berk sorag bardyr. Hadysda ündelýän ikinji zat - mu'miniň hemişe Allaha (jelle jelaluhu) dileg etmegidir. Sebäbi ynsan ejiz we näşükir tebigatda ýaradylandyr. Allah (jelle jelaluhu) oňa hemme taraplaýyn kömek etmese, ol hiç zady özi başarmaz. Ybadaty hem, takwalygy hem, günälerden goranmagy hem başaryp bilmez. Şonuň üçin mu'min her babatda Allahdan (jelle jelaluhu) dileg etmelidir. Hususan hem ýagşy we peýdaly işler babatda Allahdan (jelle jelaluhu) hemişe dileg etmeli we ýardam islemelidir. „Dileg-imanyň özenidir, ybadatdyr“ hadyslary bize doga dilegiň manysyny we ähmiýetini gör nähili düşindirýär. Allah (jelle jelaluhu) guluna güýç kuwwat, sabyr we towfyk hidaýet bermese, guluň edýän işleriniň netijesi ýokdyr. Dileg ynsanyň Allah (jelle jelaluhu) bilen söhbeti we baglanyşygydyr. Dileg-töwekgellik, umyt, ynam we töwhidiň miwesidir. Dileg edýän musulman bilen dileg etmeýän musulman-edil diri bilen öli adam ýaly tapawutlanýar. (Giňişleýin serediň dileg baradaky 31-nji hadysa). Hadysda eliňi göýberme diýýäni - umydyňy üzme, dilegi bes etme diýmekdir. Ýagny ruhdan düşme diýmekdir. Adamyň ýapyşan işi her wagt başa barman biler, maksada ýetme ýolunda bir giden päsgelçilikler döräp biler. Emma iman eýesi güýçli şahsyýet bolsa hiç wagt ruhdan düşmän, umydyny hem üzmez. Jennete barýan ýol kynçylyklar bilen düşelgidir. Käwagt gurup barýan binaň ýykylyp biler we ýenede täzeden başlamaly bolup bilersiň. Ýakyn adamlaryň saňa dönüklik edip, seni ýalňyz goýup, ýolda taşlap gidip bilerler. Duşmanlaryň köp we güýçli, sen bolsa güýçsiz we ýadaw bolup bilersiň. Ýöne hiç wagt umytdan düşmän maksadyňa okgunly ýöremäňi dowam etmelisiň. Men başarmaryn, men ejiz, güýjim ýok we meni hiç kim goldanok, bary bir maksadyma ýetmeýärin diýmeklik mu'min adamyň aýtjak sözi däldir. Bu şahsiýeti gowşak, ygtybarsyz, tutanýersiz, hemişe güýçli we dişliniň tarapyny alýan adamynyň iňirdisidir. Allahyň (jelle jelaluhu) hökmine närazy bolan adamyň nalamasydyr. Bu bolsa dürs däldir. Sebäbi mu'min Allahdan (jelle jelaluhu) gelen haýyr we şere razy bolup begenip almalydyr. Ejizläp ahlagyňy ýitirmeli däldir. Allah (jelle jelaluhu) haýyr berende begenip, men musulman diýip agzyňy dolduryp gepleýän, haçanda başyna kynçylyk synag gelende bolsa derrew ýüzini öwürip, ruhdan-umytdan düşýän adamy hiç wagt halamaz. Şeýle adamlar derrew daş-töweregindäki adamlary günäkärläp, ýamanlap başlaýarlar. Ýa-da hut ykbaldyr-ýazgytlaryny günäkärläp ugraýarlar. „Aý şuny etmän muny eden bolsadym, ýa-da şeýtmäniň ýerine beýden bolsadym“ diýip, zeýrenip başlaýarlar. Bu onuň Allahy (jelle jelaluhu) we imany düýbinden tanamaýandygyny aňladýar. Sebäbi mu'min adam ýazgyda, ýagny haýyr we şeriň diňe Allahdan (jelle jelaluhu) gelýändigine ynanmagy gerekdir. Başyna her gelen iş, şertlerden ýa-da adamlardan däl-de, ilki bilen Allahyň (jelle jelaluhu) eradasy bilen bolýandygyna göz ýetirmelidir. Başa gelene sabyr etmekligiň uly Yslam ahlagy bolandygyna ynanmaly we şonuň bilen amal etmelidir. Yslama düşünýän, sabyrly-ahlakly, ylymly-hikmetli adamyň şeýle ýagdaýlarda jogaby başgaça bolar. „Hemme zat Allahdandyr, Ol näme etse etmäne Kadyrdyr. Haýyrlysyny bersin“ we ş.m. Ine ytagadyň, pespälligiň, razylygyň alamaty we ahlak göreldesidir. „Şeýtsedim-beýtsedim“ sözlerini adama şeýtan diýdirýär we şeýlelik bilen adamy öz tarapyna çekýär. Öz ýollaryna iterýär we iman nuryna zeper ýetirýär. Allah (jelle jelaluhu) barada bilmeýän zatlaryňy aýtdyrýar we şeýdip fitnä çümdürýär, salyh amallaryňyzyň zaýa bolamgyna sebäp bolýar. Allahyň (jelle jelaluhu) hökmüne närazy bolup, nalap başlan adamdan hemme zada garaşaýmalydyr. Ol Allaha (jelle jelaluhu) dönüklik etmäne golaýdyr, sebäbi eýýäm Ondan we hökminden närazydyr. Mu'min şeýle şahsyýetsiz, iňirdewik we nalajedeýin bolmakdan Allahdan (jelle jelaluhu) utanmalydyr. Günüň ýeňil bolanda Allahy (jelle jelaluhu) öwip, agyr güne düşeňde müýnli bolup ýörmek Allahyň (jelle jelaluhu) gulyna gelişermi, ahlagyna laýykmydyr. Ertir ýene ýeňil we gowy günler gelse ýenede utanman „Men hemişe Allahdan (jelle jelaluhu) razy, Men Oňa wepaly gul“ diýmäne nädip diliň barjak? Şübhesiz Allah (jelle jelaluhu) merhemetlidir we tobalary kabul edijidir. Ýöne ynsap, haýa diýip hem bir zat bar. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir hadysynda „Utanmasaňyz isläniňizi ediberiň“ diýilýär. Şol hadys bilen Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bize köp zady aýdandyr.
HADYS 30 (otuzunjy)
-
yslam
13 years ago
- howwa, namede bolsa Allanyn edenine shukur etmeli! her zadyn hem oz hayyrly yeri bardyr EnshaAlla...
-
Yegen
13 years ago
- allahyň (jelle jelaluhu) hökmüne närazy bolup, nalap başlan adamdan hemme zada garaşaýmalydyr. ol allaha (jelle jelaluhu) dönüklik etmäne golaýdyr, sebäbi eýýäm ondan we hökminden närazydyr. mu'min şeýle şahsyýetsiz, iňirdewik we nalajedeýin bolmakdan allahdan (jelle jelaluhu) utanmalydyr. günüň ýeňil bolanda allahy (jelle jelaluhu) öwip, agyr güne düşeňde müýnli bolup ýörmek allahyň (jelle jelaluhu) gulyna gelişermi, ahlagyna laýykmydyr.
Yslam aga TAÑRYÝALLASYN! ALLAJANYÑ BEÝIK HADYSYNYÑ hemme zazgylarynam birin-birin okap çykdym welin, shu ýokardaky ýazgy has ünsümi özüne çekdi! Gaty dogry aýdylan, hiç haçan günüñden nalamaly däl!
mirasymyz 13 years ago- Sagbol, Yslam aga.
Bir adam ulag heläkçiligine ýa-da başga bir bela uçrasa köplenç -"ol-a bolmandyr"-diýilýär.
Siziň ýokardaky hadysyňyz bilen deňeseň onda ol sözem ýalňyş bolýan eken. Allahyň eden işine ýalňyş edipdir, beýtmeli däl eken diýen ýaly bolaýýar. Sagbol Yslam aga şunuň ýaly ýazgylar ýazyp duruň.