Biri Ýewreý, biri Hristiýan we biri-de Musulman bolan üç dost bilelikde ýola düşüpdirler. Ýolda erbet gar ýagandygy üçin üç dost bir külbede düşläp, garyň dynaryna garaşypdyrlar. Külbede üç dosta, baldan edilen, örän lezzetli, bir tabak halwa hödür edilipdir. Olaryň hersi halwa özi eýe çykjak bolupdyr. Soňunda bolsa halwany , şol gije iň gowy düş göreniň aljakdygy barada dilleşipdirler. Şeýlelikde irden her üçüsi hem gören düşlerini gürrüň berjekler. Kimiň düşi halansa halwany ol iýjekmiş. Üç dost ertesi dün irden oýanypdyrlar. Ýewreý düşüni gürrüň berip başlan: - Düşümde ýolda Hz. Musa duş geldim. Onuň yzyna düştüm. Tur dagyna çenli gittik. Tur dagyndaky yşyk şeýle bir güýçlidi welin, şol nurly şöhläň içinde ýitip gitdim... Şeýdip Ýewreý sözüni uzatmak bilen bolupdyr. Hakykada seretseň bolsa, ol asla görmedik zatlaryny gürrüň beripdir. Ol gürrüň berip bolansoň, Hristiýan gürrüňe başlan: - Düşümde Hz.Isany gördüm. Onuň bilen arşyň dördünji gatyna çykdyk. Gökde şeýle täsinliklere duşdum welin, asal dünýädäkiler bilen deňeşdirer ýaly däl! Hristiýan hem sözüni uzadyp, asla görmedik zatlaryny aýdypdyr. Indi gezek Musulmana gelip ýetipdir. Dostlary hem onuň aýtjaklaryna gulak gabardyp, üns bilen diňläpdirler. Musulman gürrüňe başlan: - Dostlar, düşümde Hz Muhammed ýanyma geldi we maňa şeýle diýdi 'Dostlaryňdan biri Hz Musa bilen Tur dagyna gitdi, beýlekisi Hz Isa bilen arşyň dördünji gatyna çykdy. Hiç bolmasa sen hem tur-da şu halwany iý! ' Musulmanyň aýdanlary olaryň kejebesini darykdyrypdyr. Olar: - Ýogsa-da sen halwany iýen-ä dälsiň?, diýip sorapdyrlar.Musulman: - Hiy de bir pygamberiň buýrugyndan boýun gaçyrmak bolarmy? Siz şol düşleriňizi görýän mahalyňyz men turup halwany iýdim, diýipdir. Dostlar bolsa: - Hakyky düş seňki eken, diýişip onuň aňyna haýran galypdyrlar.
HALWA KIMIŇ PAÝY
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol broker dost, paýlaşanyňa. Ýene ýazyp dur, gyzykly eken.
-
Broker
13 years ago
- gaytama ozunuze sag bol, okanynyz uchin
-
mirasymyz
13 years ago
gaytama ozunuze sag bol, okanynyz uchin
Broker | 2011-06-25 10:42:51
Ýazan sag bolmalymyka ýa-da okan. Gowsy ikimizem sagboljak bolaýaly-la (degişýän).
-
ADALATLY
13 years ago
- Minnetdar dost.soňky döwür görneňokla.ýene
ýazyp dur.okamak bizden.:-)
-
ADALATLY
13 years ago
- Minnetdar dost.soňky döwür görneňokla.ýene
ýazyp dur.okamak bizden.:-)
-
Broker
13 years ago
- ay bar arasynda menem jyklap chykyan
Broker 13 years ago- Sen hem üstünlikden, harsydünýälikden, özüňi görkezmekden gaça dur. Hakyky kär, hyzmat etmekde we päk ahlaklylykda.