Atajan Annaberdi Men bir çarwa obajygna sataşdym, Sähraň jümmüşinde, içinde çölüň. Bu täsin obajyk birmahal göçden Bölünip galana edip dur çalym. Uly-kiçi üçin kanun ekeni Munda oba ýaşulsynyň aýdany. Garşylanýar gelen çetinde obaň, Ýola salnyp ugradýarlar gaýdany. Myhman gelen güni toý tutýar oba, Dutar çalynýar hem aýdylýar aýdym. Diýýär her kim nobatyna garaşyp: “Myhman, bizdenem bir duz dadyp gaýdyň!” Aýlanarsyň. Gollaryny çyzgaşyp, Goç ýigitler hyzmatyňda durarlar. Demir ýol garasyn görmedik gyzlar Adamsyz öýlere kürsäp urarlar. Ojakdan göterlen çalymtyk tüsse Sütün bolup ýeter durar asmana. Milt etmersiň tämiz bolmasa kalbyň Bu mukaddes oba aýak basmaga.
Çarwa obajygy
-
Adgjmptw
13 years ago
- Howwa, ajaýyp goşgy.
-
Patron
13 years ago
- Sagbolun! Kim yazyp iberenem bolsa goshgyny. Yene bir gezek sagbolun!
-
sahett
13 years ago
- yaltanman okadym gowy eken wah atawatanyma doneyin turkmenler yaly myhman soyer halk bar oydemok mysal ucin amerika tarapda myhman barjak bolsalar jan edyaler ilki.turkmeninki salam gel gec myhman atandan uly
macintosh 13 years ago- oran gowy goshgy eken paylashanyna sag bol!