Gülleriň ajaýyp gözelligi mydama adamlaryň göwnüni götermek bilen, olaryň köňül aramyna hoşamaýlyk aralaşdyrýar. Megerem, siziň her biriňiziň öz göwün söýen gülüňiz bardyr. Hamana, şol gülleriň jadylaýjy güýji bolup, seniň ygtyýaryňy alýan ýalydyr, Ýöne munuň hakykatdan-da şeýle bolmagy ahmal. Sebäbi gülleriň emele geliş taryhyna ser salsaň, olaryň nähilidir bir ylahy gudratyň ýardamy bilen dörändigine göz ýetirýärsiň. Bägül baradaky ilkinji hekaýatlar gadymy hindi rowaýatlarynda gabat gelýär, Rowaýata görä iň owadan peri Lakşmi bägüliň gunçasynda doglupdyr. Wişnu hudaýy ony öpüp oýarypdyr we olar maşgala gurupdyrlar. Şondan soň Lakşmi gözelligiň hudaýy, bägül bolsa hudaýlaryň syryny saklaýan gül diýlip yglan edilipdir. Haçan-da Brahma Wişnu bilen güller bilen bagly jedele girip, olaryň içinde iň owadany lotos diýende, Wişnu oňa ýaňy açylan bägüli görkezipdir. Bu gözel görnüşi görüp, güle syny oturan Brahma derrew pikirini üýtgedip, güller içinde bägülden owadan gülüň ýokdugyny boýun alypdyr. Hindistanda häzirki günler hem bägül söýginiň, begenjiň, ümsümligiň hem-de syryň alamaty hasaplanýar. Bägül hindi toýdur dabaralarynyň esasy bezegi bolmak bilen, onuň al-elwan ýapraklaryny toý mekanynyň hemme ýerine sepeleýärler. Güllerden üzülmeýän zynjyrlar ýasap, her bir sütüne, her bir diwara, hat-da, tutudyr perdelere hem dakýarlar. Ýöne taryhy maglumatlara görä, bägüliň watany Eýran hasaplanýar. Hindistana bolsa bägüli mogol imperiýasynyň patyşasy Babyr XVI asyrda sowgat hökmünde eltipdir. Asylam, Babyr gülleri örän gowy görýän eken. Ol basyp alan ýurtlaryndan dürli gülleriň tohumyny toplap ekipdir hem-de köpeldipdir. Taryhda bägüliň gülgüne ýagyny ilki ulanyp başlan adam hökmünde bolsa, onuň çowlugynyň gelni — Nur Jahany görkezýärler. Taryhçy Mannuçi bu barada şeýle ýazgyny goýupdyr: «Nur Jahan imperatoryň ýurduna sag-aman dolanyp gelenliginiň hatyrasyna uly toý tutupdyr. Toý sekiz günläp dowam edipdir. Ol köşkdäki hem-de ekindäki ähli howdanlary bägüliň ýapraklary, gülgüne suwy bilen doldurmagy buýrupdyr. Birnäçe wagtyň geçmegi bilen şazenan howdanlary barlamaga çykypdyr. Görse, howdanlaryň ýüzi ýagjaryp dur diýýär. Muňa gaharlanan şazenan hyzmatkärine suwuň ýüzüniň ýagyny aýyrmagy tabşyrypdyr. Bir gaba ýygnanan ýagyň hoşboý ysy hemmäni haýran galdyrypdyr. Şondan soň Nur Jahan bu ýagyň bägüliň ýagydygyna düşünip, ony atyr hökmünde ulanyp başlapdyr.» Gadymy döwürlerde bägüliň suwuny mukaddes hasaplapdyrlar. Onuň bilen howdanlary, ýaplary, aryklary arassalapdyrlar. Ähli gülleriň içinde bägüle iň kän rowaýatdyr taryhy maglumatlar bagyşlanypdyr. Hat-da, onuň aýry-aýry bölekleriniň hem özüne degişli rowaýatlary bar. Mysal üçin, bägüliň reňkleri barada. Ýagny, gözelligiň hudaýy Afrodita deňizden çykyp gelýärkä, onuň bedenini suwuň ak köpügi ýapypdyr. Deňziň şol ak köpükleri soňra lowurdap duran ak reňkli bägüle öwrülipdir. Bu owadan görnüşi gören hudaýlar haýran galyp, bägüle mukaddes suw sepipdirler. Ol suw bolsa bägüliň ajaýyp müşki-anbarynyň üstüni ýetiripdir. Gülüň gyzyl reňkiniň emele gelşini şu rowaýat bilen baglanyşdyrýarlar. Afrodita söýgülisi Adonisiň ýaralanandygyny eşidip, onuň ýanyna howlugyp aýagyny ýaralaýar. Ondan akýan gan bägüliň ak ýapraklaryna siňipdir we gyzyl reňke boýapdyr. Antik mifologiýasyndaky söýginiň hudaýy Kupidon bägüli ysgaýarka, ary çakýar. Ol gaharyna ýaýdan bir ok alýar welin, peýkam bägüle degýär. Şeýdip, bägülde tiken döräpdir diýýärler. Gadymy döwürlerden bägül söýgini alamatlandyrýan gül bolupdyr. Aşyk-magşuklar bir-birine bägül sowgat berende, onuň reňkine hem üns beripdirler. Ýagny, bägüliň reňkinden söwer ýarlarynyň matlabyny bilipdirler. Gyzyl bägüller joşgunly söýgini hem-de hormaty aňladýar. Ak bägüller, köplenç, ýaş gyzlara sowgat berilmek blien, arassa söýgini hem-de gyzyň edep-ekramyna bolan hormaty aňladýar. Gülgüne bägüller söýgi gatnaşyklarynyň ýaňy başlanýan döwri sowgat berlip, aşygyň söýgülisine bolan duýgularynyň çynlakaýdygyny aňladýar. Sary bägüller öňler aýralygyň hem-de gabanjaňlaryň söýgülisine «menden başga hiç kime gabagyňy galdyraýma» diýen duýduryş bilen berilýän gül hasaplanypdyr. Häzirki döwür bolsa, olar bagtyň hem-de abadançylygyň reňkini aňladýar. Däp bolşy ýaly, Angliýada iki sany sary bägül aşygyň magşugyna bildirýän söýgüsini alamatlandyrýar. Gyrmyzy ýa-da narynç bägülleri söýgi gatnaşyklarynyň berkemegini isleýänler sowgat berýär. Gyzyl hem-de sary bägülden garylan çemen bolsa, eýesine bagtlydurmuşy, şatlykly günleri arzuwlaýar. Görşüňiz ýaly, bägül hakynda aýdara-diýere zat kän.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir