Men seni gözleýän ejizlän wagtym, Men seni küýseýän mähir küýsämde. Men saña garashýan hat-da ir bilen, Boýchy bar bolaýsa chaýly käsämde. Men seni gözleýän aran mahalym, ýashaýyshdan, töhmetlerden, allardan. Chagba ýagsa gözýashlarym mysaly, öpýär olar sen gelmeli ýollañdan. Men seni gözleýän kemsitse biri, Men seni gözleýän begenen wagtym. Seredip otursam özüñ ekeniñ: Heserim, shatlygym, elýetmez bagtym.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir