Eý, türkmen talyby, mähriban dostum! Saña seredip dur ata watanyñ. Sensiñ ýat ülkede ylymyñ bilen, Abraýyny göterjegi watanyñ. Gözleriñi dikip atañ malyna, Göwnüñ seniñ Kap dagynda ýaly-la?! Diñe okap, okap ýetip bilersiñ, Uzakdan görünýän bagt salgyma. Bagt bilbili bu gün asmana uçdy, Goja diýar saña gujagyn açdy, Ylymlar çyragy şuglasyn saçdy, Sen ylym ýolunda türkmen talyby! Ýat ülkede, ýat toprakda diýmegin, Ata-babañ munda şalyk sürendir, Minnetli çöregi asla iýmegin, Namysyny gora, türkmen talyby! Elmydam TüRKMENSiñ TüRKMEN talyby,

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir