Halkyň arasyndaky gürrüňlere görä, Jüneýit hanyň ady agzalan ýerde hemmeler gorkudan saňňyldaberer eken. Gijelerine ukusy tutmaýan garagolrak çagalara «Hana, Jüneýit han gelýär» diýlende, ol çaga gorkusyndan şol bada uka gider eken. Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnama» kitabynda türkmende ençeme patyşalaryň bolandygy hakdaky maglumatlar ýerleşdirilenem bolsa, hakykatda türkmenlerde hiç wagt patyşa bolmandyr. Patyşa bolanda, hemmeleriňem bilşi ýaly, patyşalaryň gadymdan gelýän nesilleri bolýar. Nyýazowyň «Ruhnamada» ýazan patyşalary külli türki dilli halklaryň öňden gelýän dinastiýalarynyň patyşalary. Şeýle hem türkmenler ondan-oňa göçüp, kowum bolup ýaşap ýören çarwa halkdyr. Olarda hiç hili bütewi döwlet hem bolmandyr, patyşa-da. Oguzlar, Seljuklar hakda gürrüň edenimizde hem ol dinastiýalar-da diňe türkmene degişli dinastiýa däl. Ol dinastiýalaryň düzüminde türki dilli halklaryň ençemesi bolan. Goňşy halklaryň gadymy taryhy ýazgylaryny okanyňda «özbek türkleri, seljuk türkleri, oguz türkleri, gaznaly türkler, garahanly türkler» diýen ýazgylara gabat gelip bolýar. Türkmen taýpalarynyň arasynda ýekeje ýolbaşçy hem bolmandyr, döwrüň syýasatyna anyk düşünýän syýasatçy hem. Şol döwürler türkmenleriň käbir taýpalary käwagt gaznalylara gulluk etmäge goşulypdyr, käwagt bolsa garahytaýlylaryň emirleriniň biri Kadyr Ýusuba hem onuň dogany we bäsdeşi Aly Tegine goşulypdyrlar. («Merwnama» kitaby, 224-nji sah. Aşgabat, 2003-nji ýyl) Şeýlelikde, türkmenler bütewi bir halk hökmünde kemala gelip başlansoň, olaryň arasyndan patyşalar däl-de hanlar ýüze çykyp başlapdyr. Hanlar — bular patyşa nesilleri däl-de, halkyň arasyndan çykan, tiresindäki, töweregindäki halky gorap bilen, adamlary yzyna düşürip bilen batyrlardyr. Türkmen tire-taýpalarynyň arasyndan çykan hanlar, serdarlar örän köp. Olar biri-birinden batyr, biri-birinden edermen, gaýduwsyz adamlar. Ýöne hiç wagt biri-biri bilen birleşip, biri-birine boýun egmegi başarmandyklary üçin olar bitewi bir türkmen döwletini gurup bilmändirler. Birleşmezligiň bir sebäbi hem — türkmen tireleriniň (häzirki welaýatlar) arasynyň biri-birinden örän daş bolanlygydyr. Hatda welaýatlaryň arasynda dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum çölüniň ýerleşmegini hiç hili transportyň, tehnikanyň ýok döwründe türkmen tireleriniň, hanlarynyň birleşmegine bolan esasy päsgelçilikleriň biri diýip hasaplap bolar. Biri-birinden 300-700 kilometr daşlykda ýerleşen tirelere (welaýatlara) munça ýoly geçip, birek-birek bilen gatnaşmak, birleşmek islegi bolandyr hem öýtmeýärsiň. Olary häzirki döwürde — bir bütewi döwletiň gujagynda otyrkalar hem, tehnikanyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen döwründe hem birleşdirmek örän kyn. Tireparazlyk türkmen tireleriniň (welaýatlarynyň) ählisinde örän ösen. Tireleriň biri-birinden has uzaklykda ýerleşenligi sebäpli, bir bütewi türkmen hany hiç wagt bolmandyr, her tiräniň, taýpanyň, urugyň öz hany bolupdyr. Jüneýit han ady bilen belli bolan, Gurbanmämmet serdar hem belli türkmen hanlarynyň biri bolmak bilen, tanymal şahsyýetleriň hatarynda taryhda ýatdan çykmajak yz goýup gitdi. Gurbanmämmet serdar 1862-nji ýylda Tagta etrabynyň (häzirki Görogly etraby) Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady Hajybaý bolupdyr. Jüneýit han Daşoguz ýomutlarynyň orsukçy urugynyň jüneýit tiresindendir. Şonuň üçin onuň Gurbanmämmet adynyň ýerine Jüneýit han adyny goýupdyrlar. Jüneýit han Garaşsyz türkmen döwletini döretmäge ilkinji synanyşan handyr. Hatda ol özüniň manatlyk teňňe puluny ýasadyp başlaýar we salgyt sistemasyny girizýär. Bu ýagdaýlar garaşsyz döwleti kemala getirmegiň nyşanlarydyr. Jüneýit hanyň ogullary Eşşi bilen Eýmir hem örän edermen ýigitler bolupdyr. Eýrana geçýär 1927-nji ýylda Jüneýit hanyň sowet häkimiýetine garşy Ýylanlynyň töwereklerinde alyp baran birnäçe söweş hereketleri şowsuz gutarýar. Şondan soň ol 1928-nji ýylyň iýun aýynyň aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär. Soňra 1929-njy ýylda Owganystana göçüp, Hyrat welaýatynyň obalarynda türkmenleriň arasynda mekan tutýar we 1938-nji ýylda şol ýerde aradan çykýar. Eşşiniň iki ogly Älem serdar bilen Söýer Hyrat şäherinde ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly Taýça soň Eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdyr. Taýçanyň dört ogly häzir Eýranda ýaşaýar. Türkmen sowet ýazyjysy Beki Seýtäkow özüniň «Doganlar» romanynda Jüneýit hany halkyň ganym duşmany edip görkezýär. Sowet hökümetini bolsa taryplaýar. «Doganlar» romanynda Jüneýit han sowet hökümetiniň, şol sanda halkyň hem garşysyna çykan kellekeser hökmünde janlandyrylýar. Sowet döwründe Owganystana, Eýrana sapara giden ýazyjylaryň arasynda Beki Seýtäkow hem bar eken. Şonda sowet ýazyjylary Türkmenistandan ol ýurtlara göçüp baran türkmenler bilen duşurylypdyr. Şol duşuşyga Jüneýit hanyň ogullary hem gelipdir. Olar Beki Seýtäkow bilen salamlaşman, oňa ýüz bermän geçip gidipdirler. Sowet hökümetiniň elinden çörek iýensoň, sowet hökümetiniň goýnunda ýaşaýanlygy sebäpli sowet ýazyjylary halkyň arasyndan çykan, halky penalan han-begleri mydama ýamanlap, ters faktlar bilen ýazyp geldiler. Ýadymyzda bolsa, Eziz hanyň wepaly nökeri, kätibi bolan Berdi Kerbabaýew hem özüniň «Aýgytly ädim» romanynda Eziz hany halkyň, sowet hökümetiniň ganym duşmany edip görkezipdi. «Aýgytly ädim» kinosyny görüp, Eziz hanyň kiçi ogly Amanmuhammet (Hommat): «Meniň kakam beýle däldi!» diýip, kinozaldan çykyp gidipdir. Syýasat üýtgeşik zat. Syýasat taryhy hakykaty ýoýdurmagy kämahal hiç zatça görmeýär. Syýasatyň pidasy bolýan ýazyjylar taryhy hakykaty ýoýmaly bolýarlar. Jüneýit hana ilkinji türkmen sowet döwletiniň ýolbaşçylary Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow dagy hem uly sarpa goýupdyrlar. Hatda, il arasyndaky gürrüňlere görä, Gaýgysyz Atabaýew Jüneýit hanyň ýurdy taşlap, Eýrana geçip barýanyny bilensoň hem ony tutmaýar. Gaýgysyz Atabaýewiň sowet hökümeti tarapyndan tutulmagynyň hem-de soňra atylmagynyň bir sebäbi Jüneýit hanyň serhetden geçmegine ýol berenligi bolupdyr. Jüneýit hany ele salmak üçin yzarlap ýören sowet hökümetiniň onuň hiç hili päsgelçiliksiz serhetden geçip gidenine içi ýanypdyr. Jüneýit han hakda ilat arasynda aýdylýan gep köp. Olaryň hemmesini bir makalanyň çäginde gürrüň berip çykmak mümkin däl. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: Bir gün Jüneýit hanyň ýanyna ýomutlaryň uşak urugyndan bir pukara gelipdir hem-de özüniň alty ýyllap bir baýyň dowaryny bakandygyny, keýwanysynyň hem şolaryň gapysynda hyzmat edendigini, baýyň welin özüne hiç hili hak-heşdek bermeýändigini aýdyp, nalapdyr. Jüneýit han şonda nalap gelen garybyň ogluny-ha garyba hakyny bermedik baýyň gyzyna öýeripdir. Aýalynyň hyzmat edeni üçinem garyba baýdan hakyny alyp beripdir. Ol, ine, ähli meseläni şeýdip, garamaýak halkyň haýryna çözer eken.

Köneler, Bagyr tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir