“Dünýäde bir waka bir bolup geçse, Ýene-de ol hökman gaýtalanýarmyş…” Men ynanmak islemeýän bu gepe, Goý, bu pelsepejik bolsun gury “myş” Başymyzdan geçen ejirli günleň Täzeden gelmegni kim arzuw eder? Ýüreklerde galan könedüwünleň Dagly tagmalary näwagt gider? Näwagt aýrylar uruş ýyllarnyň Ençäniň bagryny kesen ýarasy? Ne gözel ýigitleň naçar dullaryň Juwan ýüreklerne basan ýarasy? Goý, ol ýowuz ýyllar hiç dolanmasyn, Taryhöňe gitsin, taryh durmasyn. Adamzat indi bir ahmal bolmasyn, Hiç keshüşgärligi elden bermesin. Gaýtalanjak bolsa, ýaz gaýtalansyn, Bahar gaýtalansyn, has zybalansyn. Her gunçadanyşgyň çyragy ýansyn, Bilbiller çarh ursun, gül humarlansyn. Gaýtalanjak bolsa, ýaz gaýtalansyn, Ýaşlykgaýtalansyn, bahar ýaz ýaly, Betbagtlyk asla gaýtalanmasyn, Bagt näçe gaýtalansa, az ýaly. Bagtly ýaşasyn biziň balalar, Eneden bolmanka ýetim galmasyn. Dünýäden ömürlik gitsin nalalar, Hiç bir gunça açylmanka solmasyn… “Dünýäde bir waka bir bolup geçse, Ýene-de ol hökman gaýtalanýarmyş…” Men ynanmak islemeýän bu gepe, Goý, bu pelsepejik bolsun gury “myş”

Köneler, Bahbit tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir