Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl.Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok. Bu gije- meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi. Gijäni hertanşyma görkezesim gelýärdi. Olaryň meniň bilen şatlanmagyny, meni gutlamagyny isläpdim. Gijäň ýakynlygynyň tolgunmasyndan, işlerimiň köpelmeginden, nädip gelenini bilmedim.Ahyrsoňy geldi. Geldi, arzuwlaryma, gije düşegimdäki gözýaşlaryma garyşan hyýallarymyňhakykaty geldi! Hemme zat taýyn, gijäň howasy, we çala titreýän ýüregim. Hawa,bularyň hemmesi seniň üçin.., Şeýleumyt bilen taýynlanan otagymda senem bar. Ýöne sen otagyňbir çetinde arkaňa öwrülip ýatyrsyň. Meniň arzuwlarymdan habarsyz... Bilýän, seniňem derdiň içiňesygdyryp bilmän başyňy ýassyga goýýanyňy. Bu ýazgy hiç ýerde ýaýramaz. Ýaýraýanda-da oňa senden başga hiç kemem düşünmez. Men bu zatlary alada edemok. Pýne eger senem düşünmeseň, onda menden bagtsyz adam ýok. Näme edeýin? Bu kiçijik göwnüm bilen senitanyşdyrjak boldum. Onuň içiniň seniň dertleriňe meňzeşligibilen, seniň azabyňa gaty meňzeş duýgulary bilen tanyşdyrasym geldi, göwnümi. Ýassygyma siňen damjalarymda seniň derdiň bardygyny düşündiresim gelýärdi. Men kän garaşdym. Men öňem şeýle garaşypdym. Şol wagt gözlerim seniň gözleriňe meňzeýärdi. Özümi duýup başlanymdan bäri garaşan deňzimden bir damjany görüp aklymy ýitiripdim. Ol damjada deňzi, onuň gam-gussasyny, şatlygyny görýärdim. Günlerimiň ýagtylygy gözümi gamaşdyrýardy. Soň has beter boldy. Soň men agaçlara ýaprak bolasym, ýaprak bolubam titräsim, meýdanda gök otlar bolasym, gök otlar bolubam meýdandaygşyldasym gelýärdi. Dünýäde agaç bolasym, köklerim bilenýeriň bagryna siňesim, şahalarym bilen bütin dünýä kölege bolasym, güllerimi jennetde açasym gelýärdi. Dodaklarymyň gujaklaşyşy ýaly, olaryň özündäki hasraty, içindäki bar hyjuwy bilen entegem endamym tikenekleýär. Gijä galdym.Seniň ol deňziň kiçijik damjasydygyňa, deňiz däldigiňe giç düşündim. Bir damja- saňa sygman başlanymda düşündim. Ahmyrymy içimde jaýladym. Hiç kime aýtmadym. Täzedendeňzi hyýal edip başladym. Ýöne sen maňa deňziň häsiýetini, arzuwyny, halyny, tagamynygetiripdiň. Deňzimiň menden nämä garaşýandygyna, özümiň nämäni gözleýändigime düşünipdim. Seniň gury hyýal däldigiňe, maňa garaşýandygyňa göz ýetiripdim. Sen. Sen kim?Otagymyň bir çetinde bir wagt ýüregimdäki arzuwlary duýup ýatan.Deňzi gözläp damja aşyk bolan. Sen- aslynda men. Men sende özümiňem şol deňizdenbir damjadygymy gördüm, şol sebäplem deňzi küýseýändigime düşündim. Häzir men hiç zady düşündirjek bolamok. Damjanyň deňizdigini, deňziň damjadygyny düşündirjek bolamok. Şu gara penjek geýen ak gijämiň, tutuş älemiň, älemiň mazmuny adamzadyň edil meniň ýaly deňze aşyk bir damjadygyny, şol bir wagtda-da deňizdigini düşündiresim gelenok saňa. Men seniň dertleriňi içime siňdirip birleşesim, seniň bilen deňze ikimiziňem köp gözlän deňzimize gidesim gelýärdi... Men beýle ýagdaýy hiç wagt arzuw etmändim. Hatda men seniň kimdigiňi, nähilidigiňem bilmeýärdim. Ýöne şu wagta çenli ýaşan ömrümi saňa garaşyp geçiren ýaly. Sen meniň üstüme tüweleý ýaly, sil ýaly geldiň. Men bolsa nämeleriň bolýanyna düşünip bilemokdym. Ilkiler eline süýji berilen çagajyk ýaly begenerdim.Şatlygymy hemmelere paýlasym gelerdi. Seniň syryňy, gadyryňy bilmedim. Senem gitdiň. Men seniň geleniňem, gideniňem duýmadym. Diňe içimde bir ýalňyzlyk, ýalňyzlygam däl, boşluk duýdum. Bu boşlugu doldurmak üçin her zat etdim. Gözledim her ýerden, her zatdan– Günüň dogşunda, batyşynda... Gijäniň tümlüginde... Adamlarda... Başaryp bilşimçe ruhumyň çuňluklaryndaokeana çümýän ýaly çümdüm. Hyýalymyň bar güýji bilenem asmana uçdum. Emmabularyň hiçisi mendäki boşlugu doldurmaýardy. Gaýta suwsuz adamyň öz teşneligini deňiz suwy bilen gandyrjak bolşuna meňzeýärdi. Meniň halym... Älem maňa özümi ýatladýardy. Olam meniň içimdäki arzuw hem aýralyk bilen aýlanýan ýalydy. Uns edenbolsaňyz,älemde uly-kiçi hemme zat meňzeşdir. Ýyldyzlaryň iň ulularynyň Günüň daşynda aýlanyşyýaly, iň kiçijik atomjagazlaram akyp aýlanyp ýör. Älem bu bir ýyldyz bolsa menem kiçijik bir atomjyk. Ýöne ikimiziňem gurluşymyzbir, ikimizem şol bir zadyň daşynda perwana. Soňabaka umytdan düşüp ugradym, Men indi hiç wagt seni duýup bilmerin diýip başladym. Indi hiç wagtam men ýazda güllerde, güýz saralan ýapraklaryň şahasyndantänip gidişinde seni görmerin diýip pikir edýärdim. Ömür meniň üçin manysyny ýitiripdi. Indi wagtymy oňa-muňa güýmenip geçirmäge çalyşýardym. Maksadym seni, içimdäki boşlugy unutmakdy. Men gijelerine asmana, ýyldyzlara seretmejek bolýardym.Öňkülerim ýaly diňe daňyň atyşyny görmek üçin uzyn gije oturmaýardym. Tersine, men olary näçe duşumdangeçirip bilsem, şonça- da şatdym. Dünýäde näçe manysyz, diňe bir gezek ulanylyp zyňylýan zat bolsa, şolar bilen meşgullanýardym. Ýöne bularyň hemmesi at oýnatmak. Men edil bir günäiş edýän ýaly, dünýäni gizlin-gizlin synlaýardym. Gülleri, daňdan ýagyşdan soňkygüýz howasyny doýa-doýa içime çekýärdim. Meni senden aýyran günälerimiňüstüne okeanlary iberesim, özümem bir atsyz dagyňçür başynda ýeke oturan kiçijik arça bolup, ellerimi, şahalarymy saňauzadasym, dileg edesim gelýärdi. Men sensiz ýaşapbilmeýärdim. Sebäbi sen hemme zadyň özeni, manysydyň. Ahyrsoňy... Tomusyň ortaky aýydy. Gündiz öýden çykar ýaly däl, agşamlaram köplenç dymyk. Ýöne kä agşamlar ýeňiljek şemall howa bolýar, hiç ýatasyň gelmez. Ine, şolar ýaly bir gije men seniň gelýäniňi duýup başladym. Içim-içime sygmaýandy. Hakykatdanam, birhili ilki günlerimiziňarassalygy gaýdyp gelen ýalydy. Men ýene-de dünýäni öz gözlerim bilen görüp başlapdym. Ýöne.. Men ýene-de aldandym. Has dogrusy, çalaja büdredim we sensizligi ýene bir gezekbaşdan geçirdim. Aramyzdaky syr barada hatda seniň ýanyňda-da dil ýarman. Senem aýtma. Gel, gijeler gapymy açman gel, menemseniň ýanyňa baraýyn. Menem bilmäýin geleniňi. Hatda biziň sessizligimize ümsümlik dişini gyjasyn. Men saňa aýtjaklarymy aňryk, içime, seniň adyň ýazylan ýere äkideýin... Adamlaragşamlaryna oturyp, bir zatlaryň hasabyny ýöredýärler: „Şeýle etseň, şeýle bolar, şu şunça, bu pylança. Şeýdäýsek nähili bolar?“ Şu bolan zatlaryň gürrüňi. Gündiziň hasaby. Ikimiz- de welin tersine. Gündiz-ä garaşmak, gije-de sessiz sessiz gürleşmek.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir