Iberilmedik hat näçe ýyllap men aýgyda gelmedim, wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn. ahyry şu haty ýazman bilmedim, täleýimden uçup giden tawusym. barybir, adybir görküň unutman, şol günem ýadymda galdy düýş ýaly. hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň, geçmesi kyn, pursat deýin süýşýäni. buýsanjaňdyň, üstesine gedemdiň, menem heniz aw görmedik ýeke-nil. şol pursat aýgytly pikir edemde, bagtymy bagryma basjak ekenim. başymdan geçensoň boýun alýaryn, ýagşy-ýaman wakakalaryň ençesi. açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn, soň sataşan gözelleriň sençesi. şonda tapan bolsam eziz leglegim, has mylaýym ýoluň, gowne degmegiň. saçlaryň üstüme saýa bolardy, ökünjem ömürlik zaýa bolardy. bolmaz eken geçen günleň gaýdymy, senem indi äre çykdyň toý berip. şanyna ilkinji, soňky aýdymy, ýazdym, ýöne bilmen sana goýberip. şahyr-Ilmet Gurban
Iberilmedik hat
-
Adgjmptw
13 years ago
- açdysöýgiň ýeke sapar
bolýanyn,
soň sataşan gözelleriň
sençesi.
Shahyra shahyr eken! Paylashanyñ üçin köp sagboluñ dostjan!
-
Camry
13 years ago
- Wah!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Camry dost, näme boldyhou?
-
Camry
13 years ago
- Aý shu goshgyny okap birzatlar ýadyma düshdülaý Adgjmptw dost!
-
Adgjmptw
13 years ago
- düshünyän dost, düshünyän!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Patron dogan, gaty gowy yazyanyz. Goshgularynyzy uyshurip kitap chykarsanam boljak.
Adgjmptw 13 years ago- açdysöýgiň ýeke sapar
bolýanyn,
soň sataşan gözelleriň
sençesi.
Shahyra shahyr eken! Paylashanyñ üçin köp sagboluñ dostjan!