-Ol nämedir şol bolmasa gülki ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! Ol nämedir görki barda reňki ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Agzybirlik – şo bolmasa gülki ýok, Başarşymça jogap bermek borjumdyr! Ol mähirdir, görki barda reňki ýok, Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr! -Ol kim bolar ynsanlaryň belendi, Belentligi wah gijiräk bilindi? Ol nämedir bir söz bilen bulandy? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Ol enedir,ynsanlaryň belendi, (Belentligi,wah,gijiräk bilindi!) Ol ýürekdir,bir söz bilen bulandy, Başarşymça jogap bermek borjumdyr! -Ol nämedir ömürbaky ölme ýok? Ol nämedir hemmesini bilme ýok? Ol nämedir dili bar-da kelle ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Ol abraýdyr ömürbaky ölme ýok, Ol ylymdyr hemmesini bilme ýok, Ol serhoşdyr dili bar-da kelle ýok, Başarşymça jogap bermek borjumdyr! -Ol kim bolar içi doly garaňky, Käte daşyna-da çykar reňki? Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuñdyr! -Ol göripdir, içi doly garaňky, Käte daşyna-da çykar reňki, Ol gyzyňdyr hem özgäňki hem seňki, Oýlanşymça jogap bermek borjumdyr! -Ol ne myhman gonup geçer bir gezek, Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek? Kim ol däli oňa diňe sen gerek? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Ol ömürdir gonup geçer bir gezek, Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek. Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek, Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr! -Ol näme Taňryň hem dilinde, sena? O näme kast etseň ýumurlar dünýä? O ne iş dünýäde iň elhenç günä, Aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Ol Söýgi Taňryň hem dilinde sena. Söýýäne kast etseň ýumurlar dünýä. Söýgä böwet bolmak iň elhenç günä, Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr! -Bir gyzyň yşkynda örtenip oda Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da? Şoňa meňzeş gyz duşdumy ýene-de? Şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr! -Murgapda duşupdym gara gözüne, Lebapda duşupdym güler ýüzüne, Kaspida sataşdym täsin näzine, Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna, Emma bir göwrede tutuş özüni Sataşmanym habar bermek borjumdyr! -Iň soňky haýyşym, etseňiz gaýrat, Erbet zat köpmikä ýa-da ýagşy zat? Şu sowaly çözmek düşenok aňsat, Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Sowal sizden bolsun bizdenem gaýrat, Köpdi,köpdür erbet zatdan ýagşy zat! Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat, Ynanşymça jogap bermek borjumdyr! -Şahyrym,bereýin ýene bir sowal: Dünýäde kim köpkä – erkekmi, aýal? Şonam aýtsaň başga sowal berjek däl, Şahyr bolsaň şoňa-da bir jogap ber! -Bir dana diýipdir: “Aýala –aýal Aýalyñ gepine gidýänem aýal”. Emma men ol sözi gaýtalajak däl, Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr! Il-güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň: Kä ärden aýallar merdiräk bu gün. Çotuň kakyp özüň hasaplap görgün! Başbuh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir