Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 27-nji aprelde resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu Lukaşenkonyň geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda täze möhlete prezident saýlanaly bäridaşary ýurda edýän ilkinji saparydyr. Belarus prezidentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Pawel Lýogkiniň aýtmagyna görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen Lukaşenko Aşgabatdaprezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyngatnaşyklaryň tutuş toplumyny maslahatlaşmakçy. TDH gullugynyň çap eden maglumatynda ýokary derejedäki türkmen-belarusgepleşikleriniň netijeleri boýunça ençeme dokumente golçekmegiň planlaşdyrylýandygy bellenýär. Belarus prezidentiniň metbugat- sekretarynyň sözlerine görä, Belarusyň Türkmenistana berýän traktorlarynyň, awtomobilleriniň, ýol-kommunal tehnikasynynyň möçberini artdyrmak maslahat ediler. Lýogkiý 2010-njy ýylda bahasy 100 million dollar töweregi 1,300-den gowrak belarus tehnikasynyňTürkmenistana satylandygyny, bu sany üstümizdäki ýylartdyrmagyň planlaşdyrylýandygyny “Interfaks- Zapad” agentligine aýtdy. Minskiniň traktor zawody bilen 500 traktor almak boýunça eýýämşertnama gol çekilipdir, onuň bahasy 10 ýarym million dollar töweregi. “Belarus traktorlary Türkmenistanyň howa şertlerinde synagdan geçen tehnika. Amerikan traktorlary ýaly beýle birçylşyrymlam däl, ony bejermegem, oňa seretmegem gaty aňsat. Az çykdajy bilen. Iş öndürijiligi birneme pesräk welin, türkmen daýhany üçin bolýar. Baha tarapdanam arzan düşýärTürkmenistana” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar. Minskiniň awtomobil zawody Türkmenistana 88 sany tehnika, “Amkodor” kompaniýasy 75 sany, Minskiniň tigirli tehnikalar zawody 88 tehnika satar. “Bubruýskawtomaş”aksioner jemgyýeti öz önümlerinden 4,5 million dollarlyk tehnikany Türkmenistana ugradar diýlip, belarustarapynyň maglumatynda bellenýär. Himiýa senagaty Resmi Aşgabat gepleşiklerde gozgaljak meseleler, gol çekiljek dokumentler barasynda anyk hiç zat aýtmady, ýöne“ýokary derejedäki häzirki türkmen- belarusduşuşygy taraplara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini jikme-jik maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň ileri tutulýan geljekki ugurlaryny döwrüňtalaplaryna görä kesgitlemäge, bilelikdäki täze proýektleri amalaaşyrmagy anyklamaga mümkinçilik berer” diýip belleýär. Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda baglaşylan uly şertnamalaryň, bilelikdäki proýektleriň biri ýurduň gündogaryndaky Köýtendagda guruljak kaliý zawodydyr. Belarus prezidentiniň metbugat wekili Pawel Lýogkiý: “Garlykdaky kaliý dökünleri zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça “Belgorhim” aksioner jemgyýeti bilen “Türkmenhimiýa” konserniniň arasynda baglaşylan kontrakt uly ähmiýete eýe. Proýektiňbahasy bir milliard dollar” diýdi. Lýogkiniň sözlerine görä, “Belgorhimiň” tejribelerine esaslanyp, türkmen tarapy ony Maryşäherinde ammiak we karbamid zawodyny proýektirlemäge çagyrypdyr. Iki ýurduň arasyndaky söwda- ykdysady gatnaşyklaryň dinamikasyna syn edilse, geçen ýylonuň möçberi 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 21% artypdyr. Üstümizdäki ýylyň iki aýynda Belarusyň Türkmenistana eksport eden harytlarynyňp umumy bahasy 15 million dollar gowrak,Belarusyň Türkmenistandan alan harydy 700müň dollara barabar diýlip, habar berilýär. Türkmen metbugaty iki ýurduň arasynda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigini habar berýär. “Belarusyň Tehnologiýa hem-de Tehniki uniwersitetinde TürkmenistanyňGarlykda gurulýan zawodyny geljekde işletjekspesialistler okaýarlar. Olaryň ilkinji tapgyry eýýäm şu ýyl 2-nji kursy tamamlaýar. Olar geljekkiinženerler, ýokary bilimli spesialistler. Şolary taýýarlamakda türkmen döwleti bilen Belarusyň arasynda ýörite ylalaşyk bar” diýip, Bugaýew belleýär.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir