DURASYŇ GELER Gözel bardyr, gözellerden zyýada, Anyň hyzmatynda durasyň geler Edepli, erkanly, mylaýymzada, Tä ölinçäň bile ýöresiň geler. Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy – Garaňky gijede düşer ýalkymy, Sözlegen sözleri misli bal kimi, Ýaňagyndan posa alasyň geler. Gözel bardyr, günde-günde görmeli, Şol gözeliň syýa zülpün örmeli, Döküp, hazynanyň zerin bermeli, Anyň söwdasynda bolasyň geler. Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny, Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daşyny , Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny , Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler. Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi, Jan içinde bile bolar ýüregi, Şeýle gözel mert ýigidiň geregi, Ne hajat istese, beresiň geler. Magtymguly, syn gerekdir gözele, Her ne kysmat bolsa, tartar ezele, Dünýä malyn harç et ýagşy gözele, Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.
Durasyñ geler
-
garajaoglantm
13 years ago
- lebaply gozel bolsa
boldu
trabzonlu | 2011-12-18
11:37:02
saola
-
ahalyigidi
13 years ago
- ahal
-
kabmin
13 years ago
shu gozel lebaply gozel bolsa boldu
trabzonlu | 2011-12-18 11:37:02
lebaply gozel bolsa
boldu
trabzonlu | 2011-12-18
11:37:02
saola
garajaoglantm | 2011-12-18 14:21:35
namow milletcilik etjek bolyanyzmow???????? biri gara der bolup goshky yazdy, pricem tut carjew bla!!!!!!!
-
sweetbala
13 years ago
- hemmesi oz soyuilsinin yashayan yerin aytyamy nam)
-
turkmenntug
13 years ago
- Magtymguly pyragy!
$u adam hormata mynasyp adamdyr.hormatlaweriñ.gaýrat ediñ...
trabzonlu 13 years ago- shu gozel lebaply gozel bolsa boldu