Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Köpden bäri tema açamok, bu günki açan temamy doly anyk maglumatyna ýetip acmadym, shonuñ üçin öz aramyzda pikir alyshyp bileris! :-) 24-30-njy aprelde Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen 45-nji Mendeleýew halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ýaş himik­leri öz başarnyklaryny görkezdi­ler. Bu halkara bäsleşige 15 döw­letden 96 okuwçy gatnaşdy. Bu halkara bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden “Başkent” türk­men-türk mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Eziz Kuliýew bi­len şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Yklym Bolmämme­dow bürünç medallaryň eýeleri boldular. 45-nji gezek geçirilen Halkara Mendeleýew Himiýa Olimpiadasy­na ýurdumyzdan jemi 3 okuwçy gatnaşdy. Olimpiada toparyna Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mu­gallymy Mämmetmyrat Geldiniýa­zow we “Başkent” türkmen-türk mekdebiniň mugallymy Perman Rozyýew ýolbaşçylyk etdiler. Olimpiada Moskwanyň M.W Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde geçirildi. Her ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän bu bäsleşik 2009- njy ýylda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilipdi. Ol bäsleşik­ de türkmen ýaşlary iň köp baýra­ga mynasyp bolmagy başarypdy­ lar. Ýaşlarymyz köp ýyllardan bäri bu bäsleşige yzygiderli gatnaşyp gelýärler, öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýaşlarymyzyñ her ýyl geçirilen şeýle halkara derejesindäki olimpiadadan baýrakly dolanmaklary bolsa aýratyn bellärliklidir.

Köneler, Maykl tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir