Obama: "Al-Kaýdanyň" lideri Osama bin Laden öldi 02.05.2011 Araz Perwiş 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terrorçylykly hüjümiň üstünden takmynan 10 ýyl geçensoň, “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Laden amerikanlaryň Pakistanda geçiren operasiýasy netijesinde öldürildi.Wideo: Prezident Obama "Al-Kaýdanyň" lideri Bin Ladeniň öldürilendigini yglan edýär. Prezident Barak Obama öten agşam onuň Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň golaýynda Abbottabatda geçirilen bir operasiýada öldürilendigi baradaky habary halka ýetirdi. "Men bu gije "Al-Kaýdanyň" başlygy, müňlerçe bigünä erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň ganyna galan Osama bin Ladeniň Birleşen Ştatlar tarapyndan alnyp barlan harby operasiýada öldürilendigini habar berip bilýärin" diýip, Obama aýtdy. Prezident: "Adalat ýerine ýetdi" diýdi. "Bin Ladeniň ölümi biziň milletimiziň "Al-Kaýdany" ýeňmek barada eden tagallasynda şu wagta çenli ýetilen iň möhüm sepgit bolup durýar. Ýöne onuň ölümi bu tagallanyň soňy däl. "Al-Kaýdanyň" biziň garşymyza edýän hüjümlerini dowam etdirjekdigine şübhe ýok. Biz ýurduň içinde hem daşynda hüşgär bolmaly" diýip, Obama nygtady. "Möhüm sepgit” Bu habar terrorizme garşy göreşde gazanylan ýeňiş hökmünde tutuş dünýäde oňat garşylandy. Waşingtonda we Nýu Ýorkda adamlar köçelere çykyp, özleriniň begençli duýgularyny beýan etdiler. Ýöne munuň "Al-Kaýda" we global terrorizme nähili täsir etjekdigi belli däl. Günbatar ýolbaşçylarynyň käbiri: "Öç almak üçin edilen hüjümleriň bolmagy mümkin" diýip, duýduryş berýärler.Saud Arabystanly gurply gurluşykçy maşgaladan bolan Osama bin Laden sowetler Owganystana çozup gireninden az salym soň, mujahetlere goşuldy. Onuň yzyna eýeren araplar soňra "Al-Kaýdanyň" özenini emele getirdiler.
Ben landin
-
demokratiya
13 years ago
- ben ladinin olmandigi hakyndada gepler bar. Meselem oldi diyen suratyndaky, bin ladenin 10 yil onki dushurilen suratyny photoshopda oynapdyrlar hatda sakgalyndaky aklary azaldypdyr we hasam yash gorunyar. Yone son abs polisiyasy ol suraty ozlerinin dushurmandigini we metbugata yayratmandygyny aytdy. Olmandigi hakynda kicirajik hem bolsa yene bir shubhe bar, yagny bin ladeni onki gun oldurip duyn jaylandyklary hakyndaky maglumat.
-
idealman
13 years ago
- garaz biz yaly ýönekey adamlara hiç dogry zady aytmazlar.dine ozumizche netije chykaraymaly bolyarys
-
myahridjemal
13 years ago
- Men duyn ntv dan gordum cyndanam oldiripdirler,kop adamlaryn ganyna galan adam yone a.b.sh. nyn hakimyeti kop yerde ozi gunakar,yone gunasiz adamlar ejir chekdiler.
-
idealman
13 years ago
- politika!aldawchylarlay hemmesem!
-
myahridjemal
13 years ago
- Musulmanlar teror dp ozleri liviyada metjidleri,kurany otlap yorler. Musulmanlan cerkov yykanyny yada bibliyany yakanyny mena intakvesdemok. Ay garaz su tema agyr!
-
idealman
13 years ago
- da musulmanlar terror diyen bolup!günbataryn ozi garyp musulman obalardan adamlary alyp terrorist yasayarlar,ýurtlaryna chozmaga bahana tapmaly ahyryn!
-
arsenm
13 years ago
- ех чушь )) бен ладен ол ЦРУ-н адамсы оны олуренокларда амерканлар горайа )))
-
idealman
13 years ago
- dost,olam teoriyalaryn biri
-
demokratiya
13 years ago
- ben ladini amerikanyn hut ozi yetishdirenini bilyanizmi. Ssr owganystana girjek bolanda amerika owgan esgerlerini ssr'e garshy tayarlayardy, sholaryn icinde ben ladin hem bardy. Hatta shol urushdan son ben ladini in govy esger diyip amerikanyn ozi yglan edipdi.
-
Toty
13 years ago
- bah seylemi.sonam abş onun öldi diyen habaryny yayratmak name gerek.onem dusmany kop
-
demokratiya
13 years ago
- men oz bilyan zatlarymy aydayn, belkem yalnysh bolmagy mumkin. Ben ladin arabystanda dogulan, oxford universitetinde okan. Ol bay mashgalanyn cagasy eken. Yokarda aydyshym yali ol owganystandaky ursha hem gatnashypdyr ( esger hokmunde dalde ofiser ya da shonun yali ulurak wezipede, yokarda yalnysh yazypdyrn ). Amerikanyn yraga girmegi bln ol patysha yuzlenyar : serhede arap esgerlerini yerleshdireli diyip ( yalnyshmasam arabystan bln yragyn arasyndaky serhede). Yone patysha onyn diyenini etmeyarde amerikan esgerlerine rugsat beryar. Shunluk bln onun patysha bln gatnashygy uzulyar we amerika bilen hem. We kabir sebapler zerarly ony arabystanyn watandashlygyndan cykaryarlar. Shonun ucinem ol amerika garshy goreship bashlaya oydyan. Yone amerikada ony terror edip gorkezjek bolyalar. Meselem amerikadaky ekiz binalaryn yikilmagynda yewreylerin eli bar, sebabi shol binalarda yewreyler hem ishleyan eken ( sany yadymda dal) yone shol wakada birje sany hem yewrey yok eken , gen galmaly hergun ishleyan yewreyler 11.09.2001 guni biri hem yok. Yalnyshmasam ben ladinin 11 mlrd $ hazynasy bar eken
-
demokratiya
13 years ago
- men bilyan zatlarymy yazdym, yalnysh hem bolmagy mumkin. Govusy siz internetden gozlap gorayin
-
idealman
13 years ago
- dost,senka-de yalnysh diyip bolmaz,bashga birine-de...bu bir çylshyrymly sistemada...diñe aldaw-hile
-
nejepturkmen
13 years ago
- ya öldi sho ya da... Diri bolaymasa...
-
Multik
13 years ago
- Internetiñ haýsy saýtyna girseñ shu gürrüñ, biri dogry diýýär ýene birem inkär edýär ony!
Toty 13 years ago- sag bol maglumatyn ucin