bary subut etmek, ýogy subut etmekden hemişe ýeňildir. almanyň bir görnüşiniň ýer ýüzünde bardygyny, ýeke-täk almany görkezmek bilen subut etmek bolar. emma onuň ýokdugyny öňe sürýän kişi bütin ýer ýüzüni, hatda älemleri aýlanyp, gözläp, şondan soň subut edip biler. bu bolsa hiç başa barmajak pişedir. şonuň üçin, ýok hiç haçan subut edilip bilinmez. bir köşgüň 999 gapysy açyk ýeke biri ýapyk bolsa, şol köşge girip bolmajaklygyny aňlatmaýar. ynha, inkär ediji hemişe ýapyk bolan bir gapyny tutaryk edinmek isleýär. aslynda şol gapy hem onuň we oňa meňzeşleriň gözüne inen perde sebäpli, ruhy dünýälerine ýapyk görünýändir. mü’min üçin bolsa, ýapyk gapy ýokdur. oňa diňe açyk göz bilen seretmek ýeterlikdir. ynha, şol gapy we delillerden birnäçesi. 1. mümkinçilik (imkan) delili älem mümkin görnüşdedir. ýagny, onuň barlygy we ýoklugy deňdir. barlygy ýaly ýok hem bolup biler. ýagny, barlygynyň derejesinde, ýok hem bar bolmak mümkinçiligine eýedir. her mümkin hem özünden daşgary bir sebäbe baglydyr. mümkin bolan bu älem, wajybül wujud bolan bir barlyk tarapyndan ýaradylandyr. ol bolsa allahdyr. 2. hudus delili älem üýtgäp durandyr. üýtäp duran zatlaryň barysy soň ýaradylandyr. şu nukdaýnazardan madda ezeli bolup bilmez. maddanyň termodinamiki kanuna görä, hemişe ýokluga tarap gitmegi, kosmosyň elmydam giňelmegi, günüň ýok bolmak ýolundadygy ýaly wakalar barlygyň başlangyjynyň bardygyny görkezýär. soňradan dörän her bir barlygyň bir ýaradyjysy bardyr. sebäpsiz netije, senetkärsiz sungat mümkin däldir. sebäpler zynjyry bolsa, soňsuza çenli dowam etmez. şonuň üçin hemişe üýtgäp duran, ezeli bolmadyk, soňra emele gelen we ilkinji sebäbe mätäç bolan maddy älemiň hem bir muhdisi – sebäpkäri bardyr. ol bolsa allah tagaladyr. 3. haýat delili haýat – dirilik, syrlardan doly, görnüp duran hakykatdyr. hawa, ony görünen sebäpler bilen düşündirmek kyndyr. ol gönüden-göni ýaradyjysyny yglan edýär. gizlin syrlardan doly haýat – alymlary žadylaýşy ýaly, ýönekeý adamlary hem haýran galdyrýar. haýat tutuş durky bilen: «meni ýaradan diňe allahdyr» diýýär. 4. yntyzam delili her barlygyň öz parçalary bilen bir äheňde, bir bütewilikde bolşy ýaly, tutuş älem hem bir äheň we nyzam içindedir. bu bolsa, bir nyzam we yntyzamyň bardygyny habar berýän ýalňyşdyrmajak delildir. bu nazymyň (nyzam berijiniň) bardygyny görkezýändir. ol nyzam beriji bolsa, diňe allahdyr. 5. sungat delili atomdan ynsana, öýjükden galaktikalara çenli, tutuş älemiň akylyňy haýran ediji bir sungatdygy mese-mälim görünýär. älemdäki her bir eser: örän beýik sungat derejesine eýedir, örän gymmatlydyr, örän gysga wagtda, örän aňsatlyk bilen döreýändir, örän köpdür, bir bütewi we örän dürli-dürlüdir, yzygyderlidir. gysga wagtda, aňsatlyk bilen köp sanda we dürli-dürli görnüşde döredilýän zat adatça sungat derejesinde bolmaýar. ýöne döreden we ýaradan allah bolsa, onda ähli zat üýtgäp, gapma-garşy zatlar hem bir ýerde jemlenýär.

Köneler, betyigit tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir