günde müň gussam bar ýüz elem bilen, derdimiň baryndan beter garyplyk, soragy men boldum, gaygy-gam bilen, gelip düşdi, hatar-hatar garyplyk pany dünýä zynat bilen, harç bilen, ýüregim maddadyr, bagrym berç bilen, wadasyz şum ölüm, bergi, borç bilen, ýylba ýyldan gaýym tutar garyplyk iýmesem, içmesem mydarym ötmez, bürenip ýatmaga kararym ýetmez, günde müň kowalasam, baýlara gitmez, goş basyp, duşumda ýatar garyplyk tapypdyr her ýerden ýeke ikini, çekipdir biline gaýyş çekini, alypdyr eline daşly sokyny, ýadaman, depämden urar garyplyk ýylba-ýyldan meniň müflisim çykar, garybyň ýüzüne kim gülüp bakar? ýaryşsam ýüwrükdir, goreşsem ýykar, oýnasam, oýnumda utar garyplyk bir sözüm bar, saňa aýdaýyn durduly, sakalym gyrawly, murtym burjyly, on bäş köpük bile, otuz gürjüli- gykuwlap, yzymdan ýeter garyplyk seýl etmedim sähralarda, çöllerde, mestana gezmedim uly illerde, bir bilbildim saýramadym güllerde, ýar zeýnimi garar-gatar garyplyk kemine diýr, geler bir gün şum ölüm, kimsäge-toý baýram, kimsäge zulum, giýylma, ynjama, sabr eýle köňlüm, gelipdir, bir zaman öter garyplyk

Köneler, Yaramaztalyp tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir