Bu biziñ eýýamymyzdan dört müñ ýyl diýen ýaly ozal bolupdyr. Çopanlar geñ bir zada üns beripdirler. Daga çykmazyndan ozal goýunlar golaýlarynda mydama gök öwsüp oturan agaçjyklaryñ ýapraklaryny iýýär ekenler. Bulary iýenlerinden soñ bolsa, sheýle bir çusluk hem ýeñillik bilen ýokary galýan ekenler weli, çopanlar olaryñ yzyna zordan eýeripdirler. Onsoñ çopanlar oýlanyp-oýlanyp, ahyry hem shol ýaprajyklaryñ täsirini özlerinde synamakçy bolupdyrlar. Olary ýygnashdyryp, guradypdyrlar-da, üstünden gaýnag suw guýup, içip görüpdirler. Sheýdibem öñ hiç kim tarapyndan içilip görülmedik, hoshboý ysly, shähdiñi açyjy içgi döräpdir. Çaýyñ adamyñ güýjüne güýç, kuwwatyna kuwwat goshýanlygynyñ sebäbi bolsa, onuñ düzüminde kofeiniñ barlygyndadyr. Ajy demlenen çaýyñ bir bulgurynda 0,05 grama çenli ýa-da kelleagyry dermanynyñ bir tabletkasyndaky möçbere barabar kofein bardyr. Gepiñ gerdishine görä, ýene bir zady belläp geçeliñ: gury çaý ýapragyndaky kofeiniñ mukdary kofe dänelerinden üç esse köpdür. Orsýetde çaýy 1638-nji ýylda mongol hany Altyn han patysha Mihail Fýodorowiçe dört put çaý ýapragyny iberenden soñ içip bashlapdyrlar. 1679-njy ýylda Orsýet bilen Hytaýyñ arasynda Hytaýyñ Orsýete yzygiderli çaý iberip durmagy barasynda shertnama baglashylypdyr. 18 asyrda Orsýete çaý getirilishi ep-esli artýar, onsoñ bu içginiñ ilat arasyndaky meshhurlygy hem artýar. Bu meshhurlygyñ ýöne ýere däldigini belläp geçeliñ. Spesialistleriñ shaýatlyk etmeklerine görä, ösüp ýetishen çaý ýapragynda 300 dürli madda bar. Sholaryñ arasynda iñ esasy üç maddadyr. Olar: kofeindir (çaýyñ adam organizmine güýç beriji häsiýeti shu madda sebäplidir), taninlerdir (çaýyñ gañshyrawugyñy tütedýän ýakymly ysy shu madda sebäplidir) hem-de efir ýaglarydyr (olar çaýa gaýtalap bolmajak hoshboý ys berýär). Mundan bashga-da, çaýyñ düzüminde C witamini we B witaminleriniñ bir topary bardyr. P witamini boýunça bolsa onuñ ösümlik dünýäsinde taýy ýokdur. Gyzgyn çaý bedeniñe dynç berýär, suwsuzlygyñy gandyrýar, muny hemmeler bilýär. Ýöne bulardan bashga-da, ol öz düzüminde organizme peýdaly maddalaryñ bar toplumyny jemläni üçin adamyñ ysgynsyz bogunlarynyñ kuwwatlanmagyna, gan damarlarynyñ basyshynyñ pese gaçmagyna ýardam edýär, singa, gökbogma, saraltma, ýiti guragyry kesellerini bejermekde, bogunlaryñ gaýtalanyp durýan agyrysyny aýyrmakda peýda berýär.
Çaý!
-
magnit
13 years ago
- yaltanman yazypsynay berekella :-) turup cay icmeli etdin, gowy yazypsyn!
Cay! Özi nahili gowy söz!!!
-
Maco
13 years ago
- dos sena yone cay icip otyrmaly etdin)))
-
Stranger
13 years ago
- Mena cay icsen uzak yasayan diyip esitdim)))
-
jeyn91
13 years ago
- way mena tiz garrayan diip eshitdimaaaaa
-
Auditor
13 years ago
- Gelin uyship chay iceli!
-
Stranger
13 years ago
- Nu tiz garrayan toje wariant, no kan garry bolup yasarsyn :-D
-
jeyn91
13 years ago
- wiiiiiiiii hehehehe shey diy onda
-
Stranger
13 years ago
- Jeyn adyny aydaya
-
jeyn91
13 years ago
- adym subse gul
-
Stranger
13 years ago
- Subse guljan gozel adyny beyle subsa calysmasana, cyn adyny ayday balam
-
jeyn91
13 years ago
- aytdyma adymy strangers sana
-
makez
13 years ago
- mena wapshe cay icmeyan name ucundir icesim gelenok
-
jeyn91
13 years ago
- bu gun kim bizi oyne chaya chagyryakaaaaa??
-
magnit
13 years ago
- dine cay icjek dämi :-) :-) ))))
-
jeyn91
13 years ago
- ay shonada razylay
-
mirasymyz
13 years ago
- sagbol maglumatyňa camry dost.
-
makez
13 years ago
- cay cay cay icsen gowne jay icmesen bijay (biryerda ishdipdim)
-
idealman
13 years ago
- ичмели!донмалы!
-
makez
13 years ago
- cay icip donyan bamy
-
idealman
13 years ago
- хава,алкогольный коктейл эдаймели чайдан
-
makez
13 years ago
- baaaah bet
-
DG
13 years ago
- Camry dost gowy maglumatlar,payla$anyna sag bol.
Arañyzdan menden köp çaý içýäniñem ýokdyr.Menä irden,obetda,öýlänem diñe çaý içip geçýän,$onuñ üçinem ejem,doganlam maña "gotan"diýýäler,näme üçin beýle diýýäler? $u wagtam dü$ünemok.
-
magnit
12 years ago
- .
Camry 13 years ago- Nosh bolsun!