“Kareliýa jeňňelinde” (poema gysgaldylyp alyndy) Ertirmi, agşammy, gündizmi, gije, Saýgaryp bolmaýar howanyň ýüzün; Çapgynly ýagyny, iňlewük ýeli, Ýadyňa getirýär harasat sözün. Tebigat gam çekýär durmuşy bilen, Ýaryndan aýrylan söýgüli ýar dek; Agzyndan ot çykýar her ah uranda, Ýowuz gün başyna düşen bir är dek. Ýagtysy ýok ýüzi soluk älemiň , Şöhlesini gara duman basypdyr; Her demde her hili sypata girip, Tebigat wehimli ýüzün asypdyr. Ses-selemsiz ümsüm ýatan jeňňellik , Göýä birden wulkan açdy, atyldy; Ýerden hem asmandan ýagýar snarýad, Gögi duman aldy, Aý-Gün tutuldy. Asmany-zemini basýar zenzele, Ýyldyzlar süýnüşip, bir-bire degýär. Indi gökden gar-ýagşyň deregne, Çoýun ýagýar, gurşun ýagýar, ok ýagýar. Ýerden-gökden ýagan oduň zarbyndan, Bulutlar dargady, çym- pytrak boldy. Agzyny giň açdy ýylgyrýan şapak, Älem ýagtylandy, duman sowuldy. …Kesilýär darbazçyň depregniň sesi, Guşlar owaz edip, asmana galýar. Aýyly, sugunly uly jeňňelde, Munuň ýaly waka her günde bolýar. (1943) $aly Kekilow
Kareliýa jeññelinde
-
beyonce
13 years ago
- menem haladym gowyja.gownume bolmasa mekdepde okadym oytyan.ine yene bir sapar okadym.sagja bol!
-
Auditor
13 years ago
- Gowja goshgy
Annashka 13 years ago- Gowja gosgy haladym