Salam, hormatly agzalar! $u gün mähriban öýmüzi küýsedim-de, $u ýat tutup goýan setirlerim dilime geldi! Siz bilen paýla$aýaýyn diýdim! Eý,köñlüm,neçün gama batar sen? Täze ýola dü$di seniñ batlaryñ. Ýat illerde galdyñ bu gün hossarsyz, uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryñ. Bagla biliñ beýik kadyr allaha, ony mydam durmu$yñda pena bil! Gursagyñda mesgen tutsun imanyñ, imanyñy ömürbaky sena bil! Ýollar uzak,geçilmeli menzil köp, halal bolsun alyn deriñ her wagt. Ýag$ylaryñ hataryndan çykmasañ, ýagty durmu$ hemdem bolar bir wagt. Ýadyña sal ähli ýakyn-ýadyñy, sen olara elmydama sadyk bol! Hiç bir i$de bähbidiñi arama, ýeke özüñ ähli ki$ä ýetik bol! Ajyksañam aç goýmagyn dostuñy, sözlän sözüñ elmydama hak bolsun! Hiç wagt sen özgelere ýük bolma, özgeleriñ derdi saña ýük bolsun!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir