Günleriň birinde bir adam agyr keselläpdir we derdine çäre tapmak üçin lukmanyň ýanyna gidipdir. Lukman, hassany doly gözden geçiripdir, ýüreginiň uruşyny barlapdyr. Emma ýene-de şol adamyň ýagday erbetmiş. Lukman adamyň umytdan düşendigini hem-de aý-gününiň dolandygyny aňypdyr. Lukman oňa: - Bu keselden gutulaýyn diýseň, göwnüň näme isleýän bolsa şony hem et. Kelläňe gelen zady çekinmänjik ediber. Şuny berk belle çekinmek hem-de perhiz tutmak, keseliňiňi has-da agyrlaşdyrar, diýip berk nygtapdyr. Özüne seretdirenden hassa, göwnüniň sesine gulak goýup, bir ýabyň boýuna seýle çykypdyr. Hassa ýabyň boýunda oturan bir derwiş bilen gabatlaşypdyr. Derwiş elini, aýagyny ýuwup, rahatlasy gelýärmiş. Birden hassanyň göwni ýaňky derwişiň açyk ýeňsesine bir şarpyk çalasy gelipdir. Hassa derrew hälki lukmanyň aýdanlary ýatlap, derwişiň ýeňsesine seslendirip şarpyk çalypdyr. Derwiş arakasyna seredip bu hassany görenin-de, gahar-gazaba münipdir we ony ýakasyndan tutyp kazy ýanyna ertipdir. Kazy, garşysynda perişan halda duran hassa ýüregi awapdyr we şarpy iýen derwişe: - Seniň näçe manat puluň bar?diýip sorapdyr. Derwiş: - Diňe alty manadym bar, diýip jogap beripdir. Kazy: - Onuň ýaly iýipdir. bolýan bolsa üç manadyňy özüň sow, üç manadyňy bolsa şu hassa ber we sesiňi çykarma, d Kazy derwişiň kellesine syn edip, öz içinden: 'Gör nähili şarpyk çalynjak ýeňse...' diýipdir. Kaza gizlinden, gulagyna ýuwaşja bir zatlar pyşyrdajak ýaly bolup, ýanyna süýşsen derwiş, kazynyň egilenini pursat bilip, onyň ýeňsesine şarpyk çalypdyr. Şarpyk iýen kazy, bu bolanlar akly çatmandyr. Hassa bolsa: - İndi derwiş ikiňiz hem bir-biriňize duşman bolduňyz. Şol alty manady hem siz öz araňyzda paýlaşaýyň. Uruş ula ýazmaka men bir gideýin, diýipdir we ol ýerden ýitirim bolupdyr. Şarpyk iýen kazy gaharlanyp başlapdyr. Derwiş hem oňa: - Meň özüm şarpyk iýsem hem, sen munyň jezasyny maňa tölettiň. İndeki kararlaryň hem şeýle bolaýatda diýipdir. Kazy bu işde özüniň günäsiniň ýokdugyny we ähli zadyň öz erkinden daşarda meýdana gelýändigini düşündiripdir. 'Ýazgytda ýazylan her şarpyga, her gazaba razy bolmalydyrys' diýip derwişe nesihat beripdir. Pygamberler, başlaryna gelen betbagtçylyklara sabyr edendikleri üçin, şol betbagtçylyklar ýüzünden başlary arşa galypdyr.

Köneler, Broker tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir