Bir obada bir owadan ýigit ýaşapdyr.Onuň görküne tokaýdaky haýwanlaram,güllerem hat-da özem öz görküne aşykmyş.Ol her gün irden öz keşbini görmek üçin tokaýyň içi bilen çeşmä baryp,onuň başynda irdenden tä iňrik garalýança oturyp,öz keşbine sereder eken. Günlerde bir gün bu ýigidem ýagty jahan bilen hoşlaşanmyş.Tutuş tokaý ýas tutupdyr, hat-da çeşmejigem gaýgylanyp,çalajadan akýarmyş.Muny gören tokaý haýwanlary-da, güllerem ýerli-ýerden: -Sen nämä aglaýarsyň,biz-ä ony ylgap barýarka zordan görüp ýetişýärdik,ýöne seň başyňda welin,ol uzakly gün oturýardy. Aýtsana,ol gaty owadanmy? diýip sorapdyrlar.Onda çeşme: -Bilmedim.Hemmeler haýran galyp,içlerini çekipdirler: - O nähili bilmedim.Onda näme üçin sen beýle gaýgylanýaň? -çünki,men onuň gözlerinde öz keşbimi görýärdim.Indi bolsa görüp bilemok,şonuň üçin gaýga batýan.
Gozellik
-
Servi
13 years ago
- zeýnap senem ýetişikli,thanks!
-
Ayyuzli
13 years ago
- yalnyshmasam bu mif bolmaly.shol -"gormegey" yigidin ady hem narciss bolmaly.ol oz gorkune ashyk bolup,suwun boyundan ayrylyp bilman,shol yerde hem jan tabshyrya we gule owrulya.ol gulun ady narcissdir.yagny ajalyn guli.suwun yuzunde gulleyar.minnetdar,servi.
-
bestcellermeret
13 years ago
- servi ayyuzlinin aydyany dogrymy.
-
Ayyuzli
13 years ago
- elbetde.yone bu servinki yalnysh diymegi anlatmayar. Dunya edebiyatynyn kop eserlerine grek mifleri ceshme bolup duryar.yagny,servinin bize yetiren hekayajagy shol mif esasynda yazylan. Hormatlamak bilen....
-
Ayyuzli
13 years ago
- unudypdyryn shol narciss - nergiz guludir.
-
Servi
13 years ago
- Hava bestsellermeret.Ayyuzli dogry aydyar.Men bu mifi hikmetler ýygyndysyndan okapdym.Rowaýatlaram her kitapda her hili berilýär.
-
Nazenin
13 years ago
- barynyza berekella, esasanam Servi
-
Guwancmyrat
13 years ago
- Servi seniñ bilen gürlesip bolmazmy?
zeynap 13 years ago- berekella