Maña seniñ gözleriñden gitme ýok./ maña seniñ sözleriñden gitme ýok./ dü$ün,bu dünýäde soñky güne çen/ seniñ $atlyk hem gülkiñe bagly men. *** seniñ ýüpek gijeleñden gitme ýok,/ seniñ aýdyñ gündizleñden gitme ýok. *** bu garagol jahyllykdan giderin./ ol hasaly gojalykdan giderin./ çünki,men olardan gitmän bilemok,/ emma seniñ ykbalyñdan gitme ýok! *** men-zemin,sen bolsañ ullakan asman,/ saçyñy nur edip üstüme dökýäñ./ emma dü$ün,läläm,$eýle gün dogar-/ saçlaryñ gar bolup üstüme ýagar./ $onda ak saçyñy sylyp ýüzüme,/ gararyn belentden ýeriñ ýüzüne. *** men bir gyzda gözleriñi görerin,/ men bir gyzda sözleriñi görerin./ $apakda görerin ýañagyñ alyn,/ gijede görerin ýañagyñ halyn./ synlap ýapraklaryñ ýüzünde derin,/ onda seniñ garaý$yñy görerin. *** zemin aýlanyp dur.oñatlyk örän!/ hiç bir güýje oñ ýerini tutma ýok./ dünýäñ her gülünde men seni görýän,/ $onuñ üçin bu dünýäden gitme ýok!!!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir