MMA-nyň (garyşyk söweş sungaty) söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky meşhur türk serialynda keşp janlandyrypdyr. Türgen surata düşürilen wideoýazgylardan bölekleri we kinonyň öňki bölüminden parçalary öz Instagram sahypasynda ýerleşdiripdir.
Taryhy wakalara baý bu serialy ATV teleýaýlymy 2019-njy ýyldan bäri görkezip gelýär, onda Osman imperiýasyny esaslandyryjynyň ömri barada gürrüň berilýär.
Ýagşymyradow serialda ýerine ýetirýän keşbinde düşen suratlaryny we wideoýazgylaryny paýlaşypdyr. Onuň haýsy roly ýerine ýetirýändigi heniz näbelli.
Bildirişden çen tutsaň, serialyň türkmen türgeniniň gatnaşmagyndaky bölümi 8-nji iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da ýaýlyma berler. Ol serialyň 97-nji bölümi ýa-da 3-nji möwsümiň 33-nji bölümidir.
Döwletjan Ýagşymyradow birnäçe gezek ORIENT-iň taýýarlan wideoýazgylarynda surata düşüpdi. Olaryň birini siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

ORIENT news
Orient Link: https://orient.tm/tm/post/38042/dowletjan-yagsymyradow-meshur-turk-serialynda-kesp-janlandyrdy

Täzelikler, watandash tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir