– Ýaş zehinli suratkeşler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmaga mümkinçilik alarlar – diýip, şu gün gurama yglan etdi.
Şu maksat bilen 24-nji awgustda agzalyga dalaşgärleriň işleriniň sergisi gurnalar we onuň netijeleri boýunça iň zehinli suratkeşler kesgitlener.
Sergä gatnaşmak isleýänler öz eserlerini 15-nji iýundan 29-njy iýul aralygynda bellenen tertipde Aşgabat şäheri, Asudalyk köçesi, 33-nji jaý salgysy boýunça ýa-da unionofartists2022@gmail.com elektron poçta arkaly ugradyp bilerler.
Sergi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda gurnalar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-44-39, 92-35-43, 92-06-34

ORIENT news
Orient Link: https://orient.tm/tm/post/38040/turkmenistanyn-suratkesler-birlesigi-yas-zehinleri-gozleyar

Täzelikler, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir