Kyn geçjek günlerden asla gorkamok,
Emma sensiz geçjek günlerden gorkýan.
Bizi bir-birekden aýra düşürjek,
Awy ýaly ýaman dillerden gorkýan.

Gorkamok,tenime düşjek ýaradan,
Ýüregime düşjek ýaradan gorkýan.
Kösençli ýollardan asla gorkamok,
Sensiz ýöremeli ýodadan gorkýan.

Sensizlikde geçjek her bir günleri,
Göz öňüme getirmeklikden gorkýan.
Asla gorkamok men ajy ölümden,
Emma seni ýitermeklikden gorkýan.

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir