Türkmen ömrüni toý aladasy bilen ýaşaýar. Öýlenip beýläñe bir näzenini geçireñsoñ, perzende garaşyp başlaýarsyñ. Öýüñe jägildi dolaram welin, ur-tut perzent toýuna başlarsyñ. Öñler-ä "ogul boldy toýy"diýerdiler, indi ogul-gyz parh ýok, haýsyna ýüzümiz düşse, toýuñ aladasy bilen boluberýäris. Ondan soñ diş toý diýdi, saç toýy diýdi, garaz türkmeniñ toýy hatarlanyşyp gidiberýär. Ogul perzent bolsa sünnet toýam bar arada. Mekdep ýaşyna ýetip, okuw torbajygyny arkasyna atyp, ilkinji gezek mekdebe gadam basan gününem toý edip otyrys. Bolmadygynda her ýyl doglan gününi toýlaýas welin, toýa bahana tapýarys. Şeýdip, çagalaryña guwanyp ýörşüñe, boýlarynyñ özüñ bilen deñleşeninem bilmän galýan ekeniñ. Onsoñ ýene-de toýuñ aladasy. Ogluñ bolsa öýermeli, gyzyñ bolsa-da çykarmaly. Ilkinji oglumy öýerip, agtyga ýüzümiz düşeni ýañy ýalydy, ine, bir günem gyzyma gudaçylyga gelip otyrlar. Iki tarap ylalaşansoñ, onuñ toýunyñ ugruna çykdyk. Soñky döwürde:"Ogul öýermekden, gyz çykarmak kyn" diýýänlerine şonda düşünip başladym.
Ogluñy öýereniñde her bir alýan zadyñ öz öýüñe galýanyna gözüñ ýetip durañsoñmy, nämemi, ýüregiñ suuja bolýan ekeniñ. Üç ogluñ arasynda ýeke gyzyñ bolansoñ juda bir gysyk damaryñy gatadyberesiñem gelenok. Garaz, näme-de bolsa, gyzym esli mata-marlak aldyrdy. Ejesem garyndaş gelinleri çagyryp bir harman ýorgan-düşek taýýarlady. Şondan soñ boluberendir-ow diýip ýörkäm, bir gün gyzym eli kiçijik bir kagyzly ejesiniñ ýanyna gelip:
-Eje, ýene-de almaly zatlar bar.
Men içimden:" Hudaýa şükür kän zat däl ýaly, kagyz-a kiçi" diýdim. Ejesi kagyzy elime tutdyrdy. Kagyzy alamsoñ juda ir begenenime göz ýetirdim. Görsem ownujak edilip, birgiden zadyñ sanawy ýazylypdyr. Ony äýnekli gözümi süzgekledip zordan okadym. "Telewizor, tozansorujy, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn, ütük, manty gazan, çoýun gazan, kündük..," soñuna çenli boýnum gyşaryp gitdi. Gyzyma ýalbar-ýakar edip, "Däp boýunça gaýyn tarapyñam almaly zadam bar" diýip, sanawdan birde-ikide aýyrtdyk. Şondan soñ ol sanawdan almaly zadymyzy öýüñ bir duluna üýşürip, "Ind-ä, dynaýdyk öýdýän" diýip otyrkak, gyzym ýenede bir kiçijik kagyzy ejesine uzatdy.
-Eje, şu zatlaram almaly-da.
Öñem bir kiçijik kagyzdan aldanansoñ, ejesiniñ elini uzadasy gelmedi.
-Onyñ näme? -diýip sorady.
-Uly zat däl-laý, hemmesi owunjak zatlar.
Näme-de bolsa ýaýdana-ýaýdana kagyzy elime aldym. "On sany käse, bäş sany çäýnek, tok kitiri, on sany çemçe, on sanh çarşak, on sany uly tabak, on sany kiçi tabak, iki sany süýji tabak, iki sany mesge tabak, iki sany mejime, ululy-kiçili iki sany saç, bäş sany aş pyçak, bir sany kepgir, bir sany susak..," garaz, ýene-de birgiden zat bar. Dogrudanam, olaryñ ownuk kemi ýok. Ozalam bir dananyñ: "Deñzem damjalardan döreýär" diýşi ýaly, ownujak zatlardanam eslijesini aljak bolsañ, ummasyz serişde gerek bolýar-da. Onsoñ men gyzymyñ ýüzüne seredip:
-Gyzym, ol bize giýew boljak ýigidiñ egninde eşikleri bir barmy? Belki, bu sanawyñ yzyna onuñ üçinem birki laý eşigi ýazarsyñ- diýdim welin, gyzym sözümiñ manysyna düşündi öýdýän, elindäki kagyzy aldy-da, ýylgyryp otagymdan çykyp gitdi. Şondan soñ toýa çenli hiç hili sanaw gelmedi.
Nurberdi Dädebaýew ýazyjy
16.04.2022 19:08
Belki oña-da... (gülküli kyssa)
-
Xyivenia
2 years ago
- Bar bar 😊 azajyk işler çykdy
-
Jeksparro
2 years ago
- Meňem işlem köpeldi şu günler...
Jeksparro 2 years ago- Xyivenia bamyň sen! 😉