Gevin Pikok “CHelsi”, “KPR”, ”Nyukasl” kluplarynyň öňki ýarym goragçysy. 90-ýyllarda Gevin şu kluplarda ýüzlerçe oýunlarda gatnaşypdy. Şeýle-de birnäçe kiçi kluplarda hem top depdi. Hususan,1989 ýylda Harri Rednapp ony 250 müň funta "Bornmut" üçin satyn alýar.1993 ýylda Gevin'i "Nýukasl"dan "Çelsi" 1.5 milliona satyn alýar.
Umumy alaňda Pikok 540 oýunda gatnaşyp 108 gol urdy we 2002 ýylda karýerasyny tamamlady. Biraz wagt BBCde ekspertlik etdi, Evro-2008 den soň Kanada ruhanylyk etmek üçin maşgalasy bilen göçüp gitdi. Bu futbolçy üçin ýagty gelejek däldi. Gevin häzir Kalgaridäki buthanada ruhany,şeýle-de "Beýik magsat" kitabynyň awtory.
Pikok'yň maşgalasynda sportçylar köp bolupdy. Atasy "Charlton"nyň legendasy (Geviniň özi hem karýerasynyň soňunda şu toparda oýnapdy) 500 den agdyk oýunlarda gatnaşýar. Atasynyň inisi (agasynyň ogly) bolsa 50-nji ýyllarda "Nýukasl"da atiýäç oýunçysy hökmünde oýnan. Pikokyň Jeýk atly ogly we Ava atly gyzy bar. Ogly dogulanda sag elsiz dogulýar,emma bu onuň professional sport bilen meşgullanmagyna böwet bolup bilmedi.
Jeyk “Ata-enem hemişe üýtgeşikdiler. Olar bir elsiz doguljagymy bilmändirler,dogulamda bolsa geň galypdyrlar. Ata-enem dürli zatlar bilen meşgullanmagyma hiç wagt garşylyk görkezmediler. Hiç hili päsgelçiliksiz öz üstümde işläp ulaldym.
Adatça söweşdäki ukybym garşydaşlarymyňkydan parh edýär. Men ýakynlaşmak üçin aýagymy tiz-tizden işledýärin we ýakyn baranymda sag elim bilen urgy geçirmegim aňsat bolýar. Men ony jeb ýa-da tirsek hökmünde ulanýaryn" diýýär
Jeyk Kalgarida özüniň sport zalyny dolandyrýar,şeýle-de ol 12 fewral güni kaka boldy. Perzendiniň dogulmagy mynasybetli Vaýomongdäki bäşinji söweşini,ýagny birinji gezek UFC Fight Psss'da görkezilmegi meýilleşdirilýän bäsleşigi goýbolsun etmegi gerekdi. Ýöne Jeýk şikes aldy we perzendi Çarli dünýä inende onuň ýanynda boldy.
Häzir onda iň gowy muataý boksçylarynyň gatnaşýan "Lion Fight" guramasy bilen şertnama bar. Pikok ogluna buýsanýandygyny gizlemeýär:
”Ol dünýä inende göbegi boýnuna oralyp galan we bir eli ýokdy. Muny görüp aýaklarymyň aşagyndaky ýer opurlana döndi. Jeýk maşgalamyzda 20 ýyldan köpräk wagt garaşylan perzentdi we ol sportçy bolup ýetişdi. Biz çagalarymyzy hiç wagt läliksiretmezlige karar edipdik,çünki durmuş kynçylyklardan doly,eger perzendiňizi bulardan goramakçy bolsaňyz olar siziň goragyňyzdan alysda wagty bu kynçylyklara döz gelip bilmezler.
Bir gezek Jeýki özünden güýçli oglan bilen göreşendigini synladym. Ol ýeňilmegi mümkindi,emma hereket etmekden togtamady. Öýe gaýdanymyzda maňa bu söweş öňki ýeňişlerine seredende köpräk täsir edendigni aýtdym we onuň kyn ýagdaýlarda hem "dik" durup biljekdigne düşündim.
Jeyk,adamlar ony bir elli söweşiji diýip däl-de,belki gowy söweşiji hökmünde kabul etmeklerini isleýär. Ýöne onuň bir elli bolmagy ony ýene-de göze ýakymly edip görkezýänligi fakt. Perzendim köpçüligi we meni hem ylhamlandyrýar. Ol muňa känbir üns bermek islemeýär,emma biziň hemmämiz oňa buýsanýarys”.
*Görelde alarlyk şahs
****
-
Гость
2 years ago
- Durmuşyň kynçylyklaryndan ýeňilmedik, berlen synagyna şükür eden we ony mert durup çekýän. Mümkünçiligini aňryýany bilen ulanyp bilen bul adam sylanmaga-da,görelde almaga-da mynasyp bolan dünýäniň az sanly adamlarynyň biri.
Jeksparro 2 years ago- Şular ýaly dünýä bellilerden nusga almaly...