Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar, şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.
“Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy” —
Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp
“Ýaşlyk” atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ÝEGENMYRADOW
OTUZ ÝAŞDAN SOŇ
-
Jeksparro
2 years ago
- Dawaý Pegas Dawaý ýene bir goşgy paýyrdaysanaa... 👍
Pegas 2 years ago- DOGLAN GÜNÜM
Dogulan günüm, doglan günüm,
Elmisakdan kowlan günüm.
Ak gundagda ýatan günüm,
Agyr borja batan günüm.
Wagty sagat çekdi gitdi,
Batareýler çökdi gitdi.
Ynha, indem Adam ataň
Ýaśyndakam uly hatam,
Ötülmejek günäm bar deý,
Barýar jiger eräp gar deý.
Ýorgudy kyn düýşe girdim,
Haky pynhan işe girdim.
Galam aldym, içi kömür,
Syýa aldym, ujy demir.
Biri boldy bar meseläm,
Bagtsyzlygma bu ne sebäp?!
Doglan günüm sadadym men,
Ýamansyrap ýadadym men.
Ýolda galmaz öljek günüm,
Bir bimysal güljek günüm.
Görmedigmi görjek günüm,
Bilmedigmi biljek günüm,
Üýşüp-üýşüp oturarlar,
Ýene gundap ýatyrarlar.
Men mundanam kowularyn,
Hem başgaça dogularyn.
Sowlan günüm, kowlan günüm,
Doglan günüm, doglan günüm!
Seýitmyrat GELDIÝEW