Bilşimiz ýaly, geçen 2021-nji ýylyň 8-nji Noýabrynda Sedat Injiniň taýýarlan we Emre Konagyň ýazmagy esasynda TRT1 türk kanalynda tomaşa edilmäge başlanan ''Alp Arslan Beýik Seljukly'' (Alparslan Büyük Selçuklu) köpbölümli film, gysga wagtyň içinde tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Geçen Sezonlarda ol ilki ''Oýanyş: Beýik Seljukly'' (Uyaniş: Büyük Selçuklu) ady bilen Alp Arslanyň ogly Mälik şanyň rolunda Bugra Gülsoý, Soltan Sanjaryň keşbini Ekin Koç, Sanjaryň ýan-ýoldaşy keşbini Sewda Erginji,
Elçin hatynyň keşbini Leýla Lydiýa Tugutlu, Nyzamylmülkiň keşbini Mehmet Özgür, Mälik şanyň ýan-ýoldaşy Zübeýda Hatynyň keşbini Sezin Akbaşogullary we ş.m. türk aktýorlary we aktrisalary medeni - taryhy obrazlary, hakyky keşbi bilen taryhy şahslaryň roluny janlandyrmagy başarypdylar.
Indi bolsa Alp Arslanyň roluny Baryş Arduç, Akja hatynyň roluny Fahriýe Ewjen, Ewdokiýa Makremwolitissanyň keşbini Gizem Garaja, Alp Arslanyň kakasy Çagry begiň keşbini Erdinç Gülener, Garaja hatynyň keşbini Rabia Soýtürk,
Togrul begiň keşbini Baryş Bagjy we has hem kinofilmi gyzyklandyran geljekgi Seljukly weziri Nyzamylmülkiň keşbini ýene Mehmet Özgür janlandyrdy.
Kinofilm Seljukly hökümdarlygynyň döwlet dolandyrma sistemasyny, syýasy wakalaryny, söweşlerini we Soltan Alp Arslanyň ömür beýanyny taryhy çeper obrazlar bilen aňladýan we watançylyk duýgularyny oýarýan gyzykly filmdir.
Filmde Çagry begiň ogly Alp Arslan Seljuklylaryň we Gaznalylaryň içindäki ters dini akymly Zyndyk Karmatylara we Waspurakan galasynyň häkimi Kekamnenosa garşy kynçylykly hile pirimleriň hötdesinden gelmek kyn bolýar.
Şeýle kyn günleriň birinde Alp Arslanyň atabegi Hasan Nyzamylmülkiň gyzy Akja hatyn Alp Arslana kömek edýär.
Waka başda şeýle bolýar. Alp Arslan intek kiçijek çaga wagty onuň obasyny wizantiýaly Kekamnenos talap türkmenleri gylyçdan geçirip, obany bolsa ýangyna berip gidýär. Şol gyrgynçylykda Kekamnenos Hasan Nyzamylmülkiň aýalyny öldürip çadyryny bolsa otlap ýekeje galan kiçijek gyzyny bolsa atyna mündürip alyp gidýär. Muny bolsa Nyzamylmülkden tälim alyp ýören gözsüz-batyr Alpagut görýär we Kekamnenosy yzarlap baryp Waspurakan galasyna aşýar. Ol eýdip-beýdip ugurtapyjylyk bilen gala işgäri bolýar. Soňra goşunda esger, ahyrynam Kekamnenosyň ökde ýakyn serkerdesi bolup ýetişýär. Soňra Nyzamylmülkiň gyzyna hemme hakykatlary aýdyp berýär. Bu gyz bolsa geljekde içinde ary galan we dişini gysyp saklan tişi (urkaçy) möjegi ýetişdirýär. Kekamnenosa bolan ýigrenjini elbetde ol açyga çykarmaýar. Soňra Kekamnenos ''gyzym'' diýip ýetişdiren bu gyzyny Alpagudyň eline berýär we içaly edip ýetişdirmekligi ündeýär. ( Akja hatynyň Waspurakandaky ady, ýagny Kekamnenosyň dakan ady: Mariýa) Alpagut Kekamnenosyň buýrugy bilen Akja hatyny Türkmen obasy Merwa (Mary) ýollaýar we obadaky bolup geçýän zatlary gizlin habar berip durmagy ündeýär.
Alp Arslan ony oba getirýär we soňra Akja hatyn öz kakasy Nyzamylmülki tanaýar. Ýöne Nyzamylmülke muny bildirmeýär. Sebäbi Alpagudyň berk tabşyryklaryna gulluk etmek üçin muny belli etmeýär. Haçanda Alp Arslan çagalygyndaky aryny almak üçin Waspurakan galasyna öz ýigitleri we atabegi Nyzamylmülk bilen syzyp girende olara Akja hatyn köp ýerde kömek edýär. Ýöne kömek edenini bildirmeýär. Şol ýerde Alpagut Alp Arslan bilen tanyşýar. Sebäbi olar ýaşlykda bir atabegden tälim alyp, hemme zatdan ugur tapmakda, ökde okan ýoldaşlardy...
Garaz bu film şeýle bir gyzykly welin bir seriýasyny hem görmän sypdyrmak mümkin däl.
@Jeksparro
Alp Arslan Beýik Seljukly (Alparslan: Büyük Selçuklu) filmi hakynda
-
Jeksparro
2 years ago
- Oguz hanyň kinosyny görkezmezlermikä şeýdip?
-
Khanture
2 years ago
- Men arzuw edýänaý eposlarymyzy serial etmegi... Hindileriň Mahabharatyny göremsoň... ýöne men pahyr rejisýora däl. ;(( ssenariý gerek bolsa habarlaşyň režisýorlar ;)) şoool öňki poçta.
-
Jeksparro
2 years ago
- Menem gatnaşjak ýesli ço erbet rolda... 😁🤣
Jeksparro 2 years ago- Wi bir zady aýtmagy ýatdan çykarypdyryn. Şu seriýal hepdäň 1-njy güni, ýagny şu gün bolýar...