Hakyky asyllylyk adamyň ýüreginden çykýar. Hemme adamlar doglanda asylly dogulýarlar.
Açlykdan ölmek - kiçijik wakadyr, ahlagy ýitirmek - uly wakadyr.
Ahlagy bar adam gowy gürlemegi başarar.
Ýeke-täk hakyky ýalňyş - öňki ýalňyşlyklaryňy düzetmezlikdir.
Iň beýik şöhrat, hiç wagt ýalňyşmazlyk däldir, ol her gezek ýykylanyňda başarnykly turmagy başarmalydyr.
Asylly adamy görseň, asyllylykda ondanam öňe geçmäge çalyş, akylsyz adamy görseň, öz ýüregiňe syn et.
Akylsyz kişi özüni adamlaryň tanamaýanlygyndan zeýrenýär, dana kişi bolsa, tersine, adamlary tanamaýanlygyndan zeýrenýär.
Näme etmelidigini bilip hem ony etmezlikden erbet zat ýokdur.
Kim beýikleri hormatlamaga başarsa onuň özi eýýäm hormat gazanandyr.
(Konfusiý)
Barbary 2 years ago- Minnetdar