Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Hormatly adamlar!

Men şu günki şatlykly waka — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bolan geçen, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Garaşsyz döwletimizde iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligine 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýurdumyzyň ähli welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bereketli toprakdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.

Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, biz Dänew etrabyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, etrabyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurýarys. Häzirki döwürde hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, etrabyň Döwletabat geňeşliginde suw desgasynyň, Seýdi şäherinde orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar.

Häzirki zaman binalarydyr desgalary etrabyň keşbini has-da gözelleşdirýär. Bu bolsa biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Dänew etraby welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Etrapda möhüm ähmiýetli senagat kärhanalary — Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, Ýylylyk elektrik merkezi, pagta egriji fabrik we pagta arassalaýjy kärhanalar ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanmak bilen, etrabyň ilatynyň ýüzlerçesini iş orunlary bilen hem üpjün edýär. Dänewli zähmetkeşleriň oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýylsaýyn artdyrýandygy guwandyrýar. Etrapda dürli azyk önümleri öndürilýän ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk hojalygynyň bolmagy ilaty azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Dänew etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, geljek ýyllarda-da ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Men Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda hem olaryň täze, has ýokary üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir