ey Allajan shumat yany aklyma sygdyrdym hakykatdanam nury meredow indi bu dunyade yok! yaman erbet gynandym ! bilemok shol adam menin uchina ullakan bir talant , halkyn soygisini gazanmaga we ona mynasyp boldy !pahyry yaman yuregim kuyseyar !1 je gezek goresim gelyar!!! sizden ullakan hayysh shol adama hich hili erbet zat diyman !
Nury meredow talantdyr!
-
Camry
13 years ago
- Jaýy jennetden bolsun neressäñ, diýilýän bagshydy! Men bir bagshy dostumdan Nury hakynda bir hekaýat eshitdim, çynmy-ýalanmy olam bilenok, mañada eshden zadyny gürrüñ beripdi. Ine sheýle:
Nury entek ýashajyk oglanka, 12-13 ýashlaryndaka öz ýanyndan hiñlenip täsin owazda aýdym aýdar eken. Bir gezegem sheýle waka bolýar, belli aýdymçymyz Akysh Saparow toýlarda aýdym aýdýan döwri eken, shol wagt toýlarda-da bir zat ýoñ bolupdyr, olam ýashlary aýdyma höweslendirmek üçin ýash höwesek oglan-gyzlary telejka çykaryp birki aýdym aýtdyrar ekenler. Shonda Akysh bir toýda, gije telejkada aýdym aýdyp durka, bir kiçiräk oglanjyk telejkañ gapdalynda seredip Akyshyñ sazandasyna zol ýalbarýp durmush: "Daýyjan menem telejka çykyp birje aýdym aýdaýynda, haýysh edýän" diýip zol ýalbaryp durmush. Akyshyñ muzykantam zol muny kowýarmysh: "Aýryl owarra bol shu taýdan" diýip. Ine sheýdip durkalar birden Akyshyñ muña gözi düshýär. Akysh sazandasyna aýdýar: "Goýber oglany bärik, goý aýtsyn, oglanyñ höwesi bardyr" diýýär. Sheýdip kiçijik Nuryny uly telejka çykarýarlar, Nury Akyshyñ bir aýdymyny aýdyp ugraýar, ol sheýlebir aýdýarmysh, Akyshyñ aýdymyny özündenem gowy ýerine ýetiripdir! Akysh kiçijik Nuryñ aýdym aýdyshyna haýranlar galypdyr, ol Nuryda ullakan bir talantyñ bardygyny shol wagt göz ýetirýär, türkmeniñ ýene bir ýyldyzynyñ dogup gelýändigine anyk bilýär! Sheýdip ol Nuryny ýanyna shägirt edip alýar, ýöne Nury bashda Akyshyñ shägirdi diýip tanalanam bolsa, soñ ol "Kasoý" diýip öz ýoluny döretmegi bashardy! Ýatan ýeriñ ýagty bolsun, jaýyñ jennetden bolsun Nury bagshy!
-
bestcellermeret
13 years ago
- Nury Meredowyn suratlarynyn birini ugradyn dostlar. onun yatan yeri yagty jayy jenetden bolsun onun aydyan aydymlary adamyn durmusyndan habar beryar, onun aydyan aydymlaryny dinledigince dinlasin gelyar adam olenson gadyrn bilinyarda !!;
-
myratmeredow
13 years ago
-
myratmeredow
13 years ago
-
Bahbit
13 years ago
- Surata ýok mende dogtorda ýatamda hoja bilen juma kowusowyn yzyndan baranda alynan wideosy bar. Onsanam nury neressän bir häsiýetini halamadym olam öz halypasy akysa walet diýen bolupdyr.
-
myratmeredow
13 years ago
-
myratmeredow
13 years ago
- Nuty yaly bagsy yokdur. Neressanai toyuma cagyrmak niyetim bardy. nesibe yokdur. yatan yeri yagty bolsun. aydymlaram gaty manylydy.
-
myratmeredow
13 years ago
- 5likchi gowy tema acypsyn gowy bagsyny halayan ekenin
başyn ýaýkar ýetmiş ýaşly gojalar
oýa batar orta ýaşly ejeler
gözlerinden ýaş dökerler niçeler
saýrak dilli nury aýdym aýdanda
ýüregiňe döküler zaryn owazlar
erär gudratyndan ýüz ýyllyk buzlar
keşdesin goýup, diň salar gyzlar
saýrak dilli nury aýdym aýdanda
gozgaýar ýürekleň inçe duýgysyn
apalar ynsanyň täsin söýgisin
unydarsyň dünýäde zadyň gaýgysyn
saýrak dilli nury aýdym aýdanda
-
Isgender
13 years ago
- Neresse chozyan bagshydy, tuys turkmenin toy bagshylarynyn biridi
-
Leylisa
13 years ago
- myrat meredow natınay men yazan goşkyny senem yazaydynley.
dogry aydyanyz bet bagşydy kasoy boljok yoktyr bolmozom
-
myratmeredow
13 years ago
myrat meredow natınay men yazan goşkyny senem yazaydynley.
dogry aydyanyz bet bagşydy kasoy boljok yoktyr bolmozom
leylisa | 2011-03-06 06:37:22
nace yazylsada azdyr
yogsada sen nirede yazdyn ony
Adgjmptw 13 years ago- 5likchi, sen dogry aýdýañ. Nury Meredow hakykatdan hem güýçli sungat zehini, talanty bilen türkmen halkynyñ añynda öçmejek yz galdyryp, ýagty ýalançy bilen hoşlaşdy. Men hem edil seniñ aýdyşyñ ýaly añymyzda baky yz galdyran talantymyzy ýüregim küýseýär. Beýik Biribardan Nury Meredowyñ ahyrýet jaýynyñ jennetden bolmagyny dileýän...