Durmuşyň gülleri solmasyn ... Ýaz günleriniň biridi, baglar pyntyklap, toprak al-ýaşyl bürenip, tebigat ajaýyp keşbe geldi. Men ýazky dynç alyşa çykdym, çagalygymy ýada salyp duran mähriban obama gitmegi ýüregime düwdüm. Ertesi ir bilen men ýola düşdüm, ulagymyz eýýäm oba ýakynlaşdy. Ýazyň ýakymly howasy meni garşy aldy, men ulagdan düşüp dessine çagalyk dostlarymyň öýlerine bardym. Olar meni gujak açyp garşyladylar. Biz dört dost bolup balyk tutmaga gitdik, Yhlas hem Eziz bizden saýlanyp duran uzyn boýly oglandy. Begli aramyzda iň kelteräk, bugdaý reňkli, gaharjaňrakdy, emma Yhlasdyr Eziz bolsa has şadyýan, göwnü açyk oglanlardy. Biz agşamlaryna Ezizlerde ýa-da Yhlaslarda gijäniň ýarymyna çenli bile geçiren günlerimizi, gyzykly, wakalarmyzy birek-birege gürrüň bererdik. Emma bu gün aramyzdan juda ir giden Eziziň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy hemmeleriň ýüregini lerzana getirdi. Entäk onunjy synpy tamamlamadyk jan ýaljak dostymyz açylmadyk gunça deýin solup gitdi. Ajy aýralyk gaplan dostlar bu wagt ony ýatlap aglaýardylar. Bu elhenç waka enäni perzendinden , atany bolsa ýeketäk oglundan aýyrdy. Eziz ady oňa gelşip durdy, hemmeler üçin ol Ezizjandy. Onuň ajaýyp azruwlary özi bilen gara guma garylyp gitdi. Garrylaryň aýtmagyna görä bu wakanyň sebäbi maşgaladaky agzalalykdan bolsa gerek. Ýarym aý mundan öň maşgalada Şirin gelinejäniň ýanýoldaşy Ýagmyr aganyň aýalyna ýerliksiz ýerden azar bermegi, göwüne degiji ýaramaz sözlerine halys çydaman doganynyň öýüne gidýär. Ýagmyr aganyň eden işlerine çagalary düýbünden garşy çykýarlar. Enäniň ýok ýerinde gülkiniň ýokdugyna göz ýetiren kaka aýalynyň yzyndan ötünç sorap barýar.Ýoldaşy Şirin gelnejäniň yzyndan baranda, ene ýüregi çagalarynyň hatyrasyna ähli öýke-kinani bagyşlady. Ýalbar-ýakar edip aýalyny öýüne alyp gaýdan, Ýagmyr aga alysdaky obadan örän daş ýerlerde işleýärdi. Ol işine gidende Eziz hem okuwgyndan soň obanyň toýlarynda aýdym aýdyp pul gazanýardy. Ejesidir gyz doganlary obanyň ekerançylyk bilen meşgurlanýan hojalyklaryň potratlaryna kömekleşip gazanç edýärdiler. Şirin gelnejäniň açyk göwni bardy. Onuň durmuşyň kyn günlerini başdan geçirenem bolsa ýöne beýle kynçylygy entäk görmändi. Durmuşda onuň iň eý görýän ýeketäk ogluny duýdansyz ajy aýralyk alyslara alyp gitdi. Haçanda Eziziň mugallymlary, synpdaşlary pata ýere gelende Eziziň ejesiniň hasda sussy basylyp oglunyň deň-duşlaryny görende öz oglunyň hem keşbi göz-öňünde janlanýardy. Mugallymlary Eziziň ýazan depderlerini onuň bäşlikden doly gündeligini Eziziň doganyna berende dogany ony bagryna basyp aglaýar. Dostumyň ýazan depderindäki keşde ýaly hatlaryny bize görkezdi. Ýaş ýigidiň soňky ýoluna göterenlerinde aýylganç waka hemmeleriň ýüreklerine ýara salýardy. Ol pata ýerden ýedisini sowup ejem öýmüze gelende bir hepdelap özüni dürsäp bilmedi. Ene bu ajy günlere çydaman haly ýaramazlaşdy ony hassahana ýerleşdirdiler. Önki bolan maşgala aýralygy we agzalalygy ýüregi göterenokdy. Ýeke, ýalnyz ogluny ýitiren kaka durmuşda agzybirligiň iň zerurlygyny onuň durmuşda erkiniň ulydygyna göz ýetirdi. Maşgalada agyzybirlik höküm sürýärdi. Enäniň ýagdaýy birneme gowlaşdy. Biz olaryň halyndan habar almana baryp durarys. Ýyllar öz agyr kerweni bilen ýoluny dowam eder. Pasyllar üýtgär, ýene ýaz geler. Ýene güller gunçalar. Merhum dostumyzyň mukaddes ojagynda-da Allaň rehmedi bilen eýjejik ezizler peýda bolar. Goý olara Alla uzak ýaş bersin. Durmuşyň gülleri hiç haçan solmasyn. Olar gollaryny uzaklara ýaýyp, müşk-anbar ysyny dumly-duşa ýaýradyp, hemmelere şatlyk paýlasyn. Men bu hekaýamy Eziz dotumyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýan! Durmuşyň gülleri solmasyn. Hekaýanyň awtory: Batyr Şabasanow. Aşgabat 2010 ýyl.
Durmushun gulleri somasyn
-
Adgjmptw
13 years ago
- Iman baýlygyny äkidenlerden bolsun, jaýy jennetden bolsun!
durmuşyň gülleri
solmasyn.
Servi 13 years ago- Yzy ýarasyn!Gowy ýazylypdyr.