Hormatly talyplar we agzalar! Men siziñ arañyza agza bolup gelenime kän wagt geçmedigem bolsa siz bilen gowy hem-de gadyrly saýt gatnashyklaryny alyp barýanlygyma, sheýle hem siziñ meni gyzgyn we gadyrly garshylandygyñyz üçin men çäksiz begenýän. Biziñ aramyzda giñ düshünjeli, ugurtapyjy, dünýä giñishleýin garaýan, bashgalaryñ arassa pikirli ideýalaryna uly sarpa goýýan, shu wagtky alnyp barylýan bütündünýä syýasatlaryna has dogry düshünje gözi bilen garaýan ýashlarymyz sanardan kän. Sheýle ýashlarmyzyñ sany näçe köp boldugyça shonça-da ýurdumyzy has-da ösdürmek mümkünçiligi belent derejede boljakdygyny ählimiz bilýän bolsak gerek. Shonuñ üçin hem geliñ watanymyz üçin, türkmen halkymyz üçin zehinlerimizi gaýgyrman aýgytly ädimler bilen ykjam durup göresheliñ we maksadymyza ýetjek bolalyñ. Meñ shu ýerde geljekgi ýashlarmyzyñ ähli pudaklar boýunça ýokary derejede ösüsh gazanjakdygyna ynamym bar, ýöne shu ýerde bir zady belläsim gelýär. Mähriban ýashlar, gynansak-da, aramyzda pes düshünjeli, dünýä garaýshy dar, ýene-de gaýtalaýan dünýä garaýshy dar ýash oglan-gyzlarmyz bar. Muña mysal edip ine shu saýdyñ içinden hem sanasañ sanap oturmaly. Eziz ýashlar hiç kim özüne men dar düshünjeli diýmez elbetde, diñe köpçülik bilen ish salyshylanda, ýa bolmasa belli bir meseläniñ üstünde köpçülik bolup durulanda ýa-da bashga-da shular ýaly meselelerde özleriniñ gödek we ýüzleýje göwnedegiji samsyk jogaplary bilen özlerini tanadýarlar. Aslynda-ha akmak adam öz gepini gykylyklar, goh-galmagallar, gödek sögünç sözler bilen düshündirjek bolar, akylly adam bolsa munuñ tersine. Ine akmagy tanamagyñ añsat usullarynyñ biri hem shudyr. Indi meniñ aýtjak bolýan zadym shular ýaly adamlary dogry ýola getirmek üçin nähili täsirli çäreler gurnalsa gowy bolarka, ol çäre ähli ugurlardan hem bolup biler. Hormatly agzalar, indi siz hem shu mowzuga degishli öz pikirleriñiz bar bolsa ýazyp bilersiñiz!
Nähili çäreler bolup biler?
-
Adgjmptw
13 years ago
- Hahaha, ýok shahyr men watan habarlar gepleshiginde ishlämok...
-
Ayjeren
13 years ago
- adgjmptw menin pikirimche sheyle adamlaryn dunyagarayshyny uytgedip biljek dine olaryn ozlerimika diyyan hemme zat wagta bagly bizin kellamizdaki kop pikirler wagtyn gechmegi bilen uytgap duryar.Saytdaky adamlaryn kabirinin yashy uly kabirininki bolsa kichi olaryn dunyagarayshy hem olaryn yashyna bagly bolyar.Wagtyn gechmegi bilen olar uytgap biler.
-
Adgjmptw
13 years ago
adamlaryn kabirinin yashy
uly kabirininki bolsa kichi
olaryn dunyagarayshy
hem olaryn yashyna bagly
bolyar.wagtyn gechmegi
bilen olar uytgap biler.
ayjeren | 2011-03-03
07:02:04
Örän ýerlikli belläpsiñ Ayjeren, pikirleriñiz üçin minnetdar.
-
Camry
13 years ago
- Meñ pikirimçe beýle däl! Saýta täze agza bolýanlarda bolýar bu ýagdaý, özümden mysal: ilkiler agza bolamda sähel bir zadam göwnüme alardym, indä öwrenshibem gitdim, oýun edip diýýänlerinede düshünýäñ! Ýöne özüñdenem gerekmikä diýýän, bolgusyzrak zat ýazsañ, ozüñem eshitjek zadyñ sho bolýar!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Camry, señ diýýän zatlañ örän dogry, señ pikirleriñe uly sarpa goýýan dost.
-
kepder
13 years ago
- oran dogry yazypsynyz dostlar adamyn uytgemegi özune bagly.
-
idealman
13 years ago
- dogry dogry,yone men gatyrak sogyan bolsam bagyshlan,emma saklanyp bilman hapa sogyan.serkan yalylary goremde saklanyp bilemok,ool vika hakda waka yazanyny okamda woobshe bolduma.beyle zady sag adama yazmaz
-
Adgjmptw
13 years ago
- Idealman, señ munuñ düýbünden bashgaça gürrüñ. Sende goýberen säwliklerñi boýun almak, hem-de onuñ üstünde gaýtadan ishlemek ýaly ajaýyp häsiýetleriñ bardygyny men arkaýyn aýdyp biljek. Ajaýyp häsiýetleriñ diñe ajaýyp ynsanlarda jemlenýänligi bolsa ählimize mälim. Men seni goldap biljek Idealman.
Hiçden, giç ýagshy.
shahyr 13 years ago- adgjmptw bagyshla offtopic ucin:
adgjmptw! sen watan habarlar gepleshiginde ha ishleyan dalsin-a ?