Ýagşylykda ile özün tanydan – Alkyş alyp, derejesi zor bolar. Ýaman bolup, ýagşylygy unudan – Öz yzzatyn gider, itden hor bolar. Muňly bolar myradyna ýetmeýen, Müýnli bolar Hak emrini tutmaýan, Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen Gözün diker, kişi aşyna zar bolar. Her kim ýamanlasa deňi-duşuny, Özi müşgil eder asan işini, Kim dargatsa akyl bilen huşuny, Eder işin bilmez, şermisar bolar. Zehini keç bolar bady ýaňylan, Biygtyýar bolar goly daňylan, Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen, İçi doly namys bilen ar bolar. Gaýraty kem bolar gahary azyň, Depgini pes bolar matamda sazyň, Öýine barsaňyz, bir binyýazyň, Göwresi gysylar, köňli dar bolar. Kim belany satyn alsa başyna, Reşk edip, rakyplar geçer daşyna, Tokuş etse kim başarmaz işine, Söwdasyndan gele bilse, är bolar. Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan, Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan, Pähm ediň, her ýerde bir päli azan, Ýowuz musallata sezewar bolar. Hazyna dönüpdir ömrüm ter güli, Nazaryn pes tutar ilden, bergili, Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar. Öňde, yzda görseň her kes gulamyn, Ondan aýamagyn taňry salamyn, Kim okyp unutsa Hakyň kelamyn, Kyýamat gün iki gözi kör bolar. Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň, İmany şikest tapar haram iýeniň, Kastdan roza, namazyny goýanyň, Özi küfür, biliň, jaýy dar bolar. Magtymguly, sözle her ne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň, Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar!
Zor bolar
-
Ayjagash
13 years ago
- Ozune kemlik bil aytman olenin diymek, bilyan, basharyan zadyny owretmeli diymek. Meselem sen haysydyr bir ishe okde bolsan shony ilden yashyrmaly dal, yagny hich kime owretman gezmeli dal diyildigi. Mena dushunshim sheyle.
-
Master1
13 years ago
- gowy gošgy eken sag bol.
Adgjmptw 13 years ago
hormatly agzalar, arañyzda ökde edebiýatçylar bardyr. Eger bilýän bolsañyz shu ýokardaky sözleriñ has giñishleýin mazmunlary barada belläp geçseñiz, sizden hoshal bolardym.