Birnäçe yrymlaryñ manysyny hiç bir düshündirmesiz hem añmak bolýar. Ýöne "Gelin getirilende garhsysynda ýyldyz bolsa, gelen öýüne aýagy düshmeýär" diýen yrymyñ manysyny bilmek, olaryñ talaplaryny berjaý etmek añsat däl. Sebäbi garshyñda ýyldyz bar-ýoguny bilmek üçin, onuñ haýsy ýyldyzdygyny, haçan haýsy tarapdan dogýandygyny, onuñ toý-niýet edilen güni nirededigini bilmek köp halatda kynçylyk döredýär. Ine shonuñ üçinem bu hasaby nädip çykarmalydygy barada gysgaça gürrüñ bermegi makul bildim. Eýsem, ol "lagnaty-ýyldyz" diýilýän ýyldyzyñ haýsy gün nirededigini nädip bilmeli? Muny bilmek isleýän adam, jaýyñ ortarasynda oturmaly. Shonda onuñ çep egni jaýyñ gündogardaky burçuna bakmaly. Türkmen aýynyñ 1-ri (biri) güni "lagnaty-ýyldyz" shol burçdadyr. Aýyñ ikisinde ol gabat garshyñdaky diwar tarapda, üçüne sag taýky burçda, dördüne gapdal diwar tarapda, bäshine yzky burçda, altysyna yzky diwarda, ýedisine beýleki burçda, sekizine-de ýene-de çep gapdalky diwar tarapdadyr. Aýyñ dokuzynda ýyldyz ýerde, onunda hem asmanda bolmaly. Türkmen aýynyñ 9. 19. 29 günleri ýyldyz ýerde bolany üçin, iñ bir bisähet günler hasaplanýar. Shol gün toý tutulyp, gelin getirilmändir. Bashga günlerde ýyldyz alnyñda bolmasa gelin getirmek bolýan eken. Aýyñ 10. 20. 30 güni ýyldyz asmanda, ol gün adama zowalsyz hasaplanypdyr.
Sähetli günleri nädip bilmeli?
-
Eldarado
13 years ago
- Yrym haram diýäler özä.
ýyldyz,aý,gün bu zatlar
ýaradylan zatlar.ilki b/n
ýaradyjydan gorkup et
diýen zatlarny edip,etme diýen zatlaryndan gačmak.galan zat 2-nji ýerde.ýöne ýyldyzly meselänä namaz okamasalaram berk tutýanlara bar.
-
Diamond
13 years ago
- Idealman, Eldarado! Eldarado señä adyña döneýin, Eldarado dälde Eldorado bolmaly adyñ, shonam ýalñyshypsyñ!!! Yrym haram diýdiñmi? Ikiñem bisähet gün doglan bolaýmasañyz, ýada öýlenmedik bolmaly ikiñizem. Baryñda öýlenjek wagtyñyz bisähediñizi belläp, ile jar ediñ onda, bisähet gün öýlenýäs diýip. Menä gülmen, ýöne gülenä köp bolar üstüñizden, Idealman senä orsýetde ýashaýan diýdiñmi? Gürleme senä, gelen myhmanlara doñzuñ etinden doýurda otur. Men onsoñam sen ýaly samsyklara aýdamok, sähet we bisähet günleri düshündireýin diýip agzalara aýtdym. Bashashak düshünow inim düshünmeseñ, menem sen ýaly tpoýa akyl satasym gelenok. Düshünýänler sag bol aýtmasada, dashyndan, bash atyp öz ýanyndan makullap oturandyr! Men öz türkmen halkymyñ öñden gelýän yrymlaryny düshündirdim!
-
DG
13 years ago
- Diamond senin aydyanyn dogry,yrym-yrym,yom-yom diyilsi yaly her bir turkmen ene ata ogluny oyermaka molladan sahet alyar,sahetli gunem molla yokardaky bellap gecisin yaly sanayar.Manada ejem owretdi,dusunsen utgesik zadam dal.Owredyakaler bilip goysan gowmykan diyyan.
-
Diamond
13 years ago
- Bilmek hökman dg dost! Heý shu türkmende ýyldyza, yryma ynanman toý edýän barmyka...? Bardyr belki, olaram çykgynsyz ýagdaýda, ýada ýokardakylar ýaly bolaýmasa, kän bisähet gün, türkmeniñ toý edýäni ýokmuka diýýän...?!
-
Diamond
13 years ago
- Azajyk shu türkmeniñ yrymlaryna-da sarpa goýjak bolmaly, düshünýänlere däl-de düshünmeýänlere aýtdygym!
-
DG
13 years ago
- onyna dogry diamond dost.Mena sahetsiz gun toy edyanem yokmyka oydyan.
-
DG
13 years ago
- bar bolsa bardyram,gindir dunya,gendir dunya
-
Eldarado
13 years ago
- Bolýa adymy ýalňyšan bolsam ýalňyšan ekenimdä bärde gep atda däl dost.Allaň ýaradan 31 günem sähetli.šu günä bisähet gün diýseň küfre girýäň,küfre girmek diýmek dinden čykmak diýmek.ýöne dogry šol günleriň ičinde-de has sähetli günler bar.adamlar ýyldyza ynanyšlary ýaly parzy,wajibi,sünetilere ynansadylar käšgä.Allatagala..näme učin ýyldyza ýörediň..diýip sorarmyka
menä bilemok welin 1-nji 100% soraljak zat
..parzyňy tutdyňmy..diýip soraljagyna aýdaýaýyn.men öz pikrimi ýazdym.
göwniňe degmek asla netimde ýokdy bagyša dost.ýazma diýseň ýazmanam bilerin.
-
asdas
13 years ago
- kesmeli
-
Batyr1986
13 years ago
- yyldyza degishli hemme yrymlar batyldyr.yyldyzdar dine yol tapmak uchin peyda edip bilyar.olar bagtlylyk yada bet bagtlylyk nesibe ishlerine hich tasir etmeyar.sahet diyilyan zadam nirden gelenini bilemok.yone adamyn bagty bilen bagly yeri yok.yyldyzlaram mydama asmanda bolyar.
alla taalanyn yazgydyna yyldyz tasir edenok.men oylenen oglan in sahetsiz gunde oylendim.in bagtly adamlan biri hasaplayan ozumi.
-
Eldarado
13 years ago
- Batyr dost dogry aýydýaň,
diamondam gowy tema ačypdyr,sag bolsun.ýöne
meni gynandyrýan zat adamlaryň ýyldyzdana gorkup,esasy gorkmaly zatlardan gorkmaýanlygy.
idealman 13 years ago- diamond,men 100 %-lyk usuyl bilyan nadip gununi sahetli etmeli.seret,dandan sagat 6-da turyanda dasharyk chykyp ylgayan biraz,sonra turnikda we brusda chekinyan 3-4 gezek)))gelyande dusha giryan.sagat 7 bolyancha sen hemme zada yetishyan.7-de iyip ichyan arkayyn,sagat 7.30-a chenli,dishini yuwyan,sonam arkayyn okuwyna gidyan.ana,onson senin kop gunlerin sahetli bolypjyk durar.
yone elbetde,her gun beyle bolmanam bolar))))